Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG gyrgyn günäkäriniň tutulmagyny gutlaýar


BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun Ugandada Rwanda gyrgynçylygynda günälenýän Idelfonse Nizeýimananyň ele salynmagyna ýokary baha berdi.

Rwandanyň Aňtaw gullugynyň öňki başlygy Nizeýimana 1994-nji ýyldaky gyrgynçylygy guramakda aýyplanýar.

Şonda 100 günüň dowamynda etniki tutsilerden we syýasy aram hutulardan 800 müň çemesi adam öldürilipdi.

Ugandanyň hökümet sözçüsi Fred Opolot Nizeýimananyň duşenbe güni Kampalada ele salnandygyny aýtdy.

Nizeýimana Rwanda boýunça Halkara jenaýat tribunalynyň ýerleşýän ýerine, Tanzaniýanyň Aruşa şäherine iberildi.


XS
SM
MD
LG