Sepleriň elýeterliligi

Nebit döwletleri dollary çalşyrmak barada gepleşmedik diýýärler


Nebit öndürýän uly döwletler britan gazetiniň Aýlag arap döwletleri nebite baha kesmekde ulanylýan amerikan dollaryny çalşyrmak barada gizlin gepleşik geçirdiler diýen habaryny ret etdiler.

«The Independent» gazeti adyny aýtmadyk çeşmä salgylanyp, arap döwletleriniň Orsýet, Hytaý, Ýaponiýa we Fransiýa bilen şeýle gepleşik geçirendigini ýazandan soň dollaryň bahasy aşak gaçdy.

Saud Arabystanynyň, Orsýetiň, Kuweýtiň ýokary derejeli resmileri beýle gepleşikleriň bolmandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG