Sepleriň elýeterliligi

Indiki jahan urşy gibernetika meýdanynda bolar


BMG-niň telekommunikasiýalar gullugynyň başlygy indiki jahan urşunyň gibernetika giňişliginde bolmagy mümkin diýýär.

Ženewada telekom Dünýä 2009 ýarmarkasynda çykyp gürlän Hamadoun Tour «biz beýle uruşda hiç hili super güýjüň bolmajakdygyna hemme ýurtlaryň düşünmegini gazanmaly» diýdi.

Tour döwletleriň söwda, maliýe, saglygy saklaýyş we beýleki möhüm pudaklarda tehnologiýa örän garaşly bolandygyny we telekommunikasiýa sistemalarynyň ýitirilmeginiň islendik döwleti çökerjekdigini aýtdy.

Touryň bu duýduryşy internet ekspertleriniň barha köpelýän gibernetiki jenaýatlara we howplara garşy aýgytly çäre görmek çagyryşlary bilen bagly.

XS
SM
MD
LG