Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama howpsuzlyk geňeşçileri bilen duşuşýar


Prezident Barak Obamanyň şu gün Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky we Pakistandaky strategiýasyna uly synynyň çäginde öz ýokary howpsuzlyk geňeşçileri bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Bu duşuşyk owgan konfliktiniň dokuzynyjy ýylyna girýän gününe gabat geldi.

Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky güýçler, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Amerika edilen terror hüjümlerine jogap edip, 2001-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda «Azatlygy berkitmek operasiýasyna» başlapdylar.

Bu operasiýa netijesinde Talyban häkimiýetden agdaryldy we Birleşen Ştatlaryň güýçleri 11-nji sentýabr hüjümlerinde günälenen Al-Kaýda guramasyny dargytmaga gönükdirildi.
XS
SM
MD
LG