Sepleriň elýeterliligi

Orsýet hukuk toparynyň aýyplamasyny yzyna almagyny buýurýar


Orsýetiň sudy Memorial hukuk toparyna Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow barada aýdan sözlerini yzyna almagy buýurdy.

Memorial Kadyrowy adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Natalýa Estemirowanyň ölüminde aýyplapdy.

Fransiýanyň AFP habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Moskwa sudy Kadyrowyň namysyna hem mertebesine ýetiren zyýany üçin Memorialyň başlygy Oleg Orlowy 2340 dollar tölemeli edipdir.

Orlow Estemirowanyň ölüminde Kadyrowyň eliniň bardygyna ynanýandygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG