Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa Orsýetden 1 milliard dollar karz alýar


Orsýet Serbiýa ýurduň býudjet kemçiligini ýapmak we infrastraktura maýa ýatyrmak üçin 1 milliard dollar karz berýändigini aýdýar.

Bu baradaky ylalaşyga prezident Dmitriý Medwedewiň 20-nji oktýabrda Serbiýa etjek sapary mahalynda gol çekiler.

Orsýetiň maliýe ministri Alekseý Kudrin şu ýyl Serbiýanyň býudjet etmezini doldurmak üçin 350 million dollaryň beriljegini aýtdy.

Kudrin Ystambulda eden gürrüňinde indiki ýyl Serbiýa infrastruktura proýektleri üçin 650 million dollaryň beriljegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG