Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owgan hem amerikan goşunlary gündogarda 40 jeňçini öldürdi


Kabuldaky goranmak ministrligi owgan hem amerikan güýçleriniň gündogar Owganystanyň daglyklarynda, Birleşen Ştatlar üçin iň kän ýitgili hüjümleriň aňyrsynda duran pitneçilere garşy operasiýalarda, 24 sagadyň içinde 40 jeňçini öldürendigini aýdýar.

Ministrligiň sözçüsi 24 sagat içinde ýurt boýunça owgan esgerleriniň hem 10-synyň öldürilendigini aýtdy. Olaryň köpüsi Nuristan welaýatynyň Kamdeş etrabynda, şenbe güni ýüzlerçe jeňçiniň gyrak-çetdäki az goragly posta çozup, 8 amerikan esgerini öldüren ýerinde wepat bolupdyr.

Şularalykda Birleşen Ştatlaryň harbylary 3-nji oktýabrda Nuristanda bolan hüjümde 100-den gowrak Talyban jeňçisiniň öldürilendigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG