Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň ýadro meselesi nähili bolar?


Buşehrdäki ýadro stansiýasy, 25-nji fewral, 2009 ý.

Buşehrdäki ýadro stansiýasy, 25-nji fewral, 2009 ý.

1-nji oktýabrda dünýäniň güýçli döwletleri we Eýran Ženewada duşuşyk geçirdi. Tähranyň ýadro merkezlerini barlamaga rugsat bermegi gazanylan esasy netije boldy. Bu barada Azatlyk Radiosyndan Çarles Reknagel Stokgolmda ýerleşýän Halkara Parahatçylyk Barlaglary Institutyndan Şannon Kile bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Penşenbe güni BMG-niň hemişelik agzalary bilen bir hatarda Germaniýanyň wekilleri Ženewada Eýran resmileri bilen duşuşdylar.

Bu duşuşyk Eýranyň Kum şäheriniň golaýynda ýerleşýän gizlin ýadro merkeziň ýüze çykmagy baradaky habaryň yz ýanynda boldy.

Tähran bu merkeziň bardygyny özüniň aýan edendigini aýdýar. Günbatar ýurtlary bolsa, munuň ýüze çykmagyndan alada edip, Tähranyň beýle ädimi ädendigini öňe sürýärler.

Gurluşyk işleri 2006-njy ýylda başlan bu merkezden başga-da Eýranda gizlin ýadro zawodynyň bolmagy mümkinmi? Ýa-da bu merkeziň ýüze çykmagy Eýranda uly möçberde hereket edýän başga-da merkezleriň bardygynyň yşaraty bolup bilermi?

Şannon Kile: Meniň pikirimçe, ýadro meseleleri boýunça synçylaryň köpräginiň garaýşy, munuň bu ýurtda hereket edýän ýekeje zawod däldigi baradadyr.

Bu merkez barada mundan öň habar berilmändi, bu habary eýranlylaryň özi paş etdiler. Emma, meniň pikirimçe, şonuň ýaly başga zawodyň ýokdugyny aýdyp, dünýäni ynandyrmak gaty kyn bolar.

Meniň pikirimçe, bu merkeziň hereket etmegi üçin Eýranyň şu güne çenli halkara jemgyýetçiligine aýan eden ýangyç çeşmesinden başga serişdelere-de zeruryýeti bolar. Bu hem Eýranyň urany baýlaşdyrmak üçin ulanýan, ýagny urany “heksaflouride uran” atly madda öwürýän gizlin kärhanasynyň bardygyny aňladýar. Bu hem mundan ençeme ýyl ozal Halkara Atom Energiýasy Agentligi tarapyndan ýüze çykarylan “Ýaşyl Duz” proýekti boýunça uly gyzyklanma döredýär.

Sebäbi şol proýekt “heksaflouride uran” atly maddany öndürmek üçin gurlupdy. Bu uranyň soňra sentrifugalara iberilmegi planlaşdyrylýar ekeni.

Azatlyk Radiosy: Täze ýadro merkeziň ýüze çykmagy Eýranyň ýadro programmasy barada 2002-nji ýyllarda emele gelen krizisli döwrüni ýada salýar. Sebäbi şol mahal Günbatar Eýranyň Natanz şäherinde-de şeýle merkeziň bardygyny ilkinji gezek bilipdi.

Şol wakadan bäri halkara jemgyýetçiligi, Eýrany şol zawodlarynda urany baýlaşdyrmak işini togtatmaga razy etmäge synanyşyp geldi. Emma Tähran bu talaby ret edip gelýär. Şeýle gizlin bir merkeziň bardygy barada ýüze çykan bu waka häzirki ýagdaýa näderejede öz täsirini ýetirer?

Şannon Kile: Kumda bu gizlin merkeziň tapylmagy geljek günleriň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň ugruny üýtgeder. Gepleşikleriň temasy mundan beýlek diňe Natanz bilen ýa-da Eýranyň näçe sany sentrifugasynyň bardygy bilen bagly däl, eýse Eýranyň mundan başga-da aýan edilmedik gizlin ýadro merkezleriniň bolup-bolmanlygy barada gider. Elbetde, bu hili soraglara anyk jogap bermek gaty kyn bolar.

Meniň pikirimçe, bu Eýranyň öz ýadro merkezlerini “Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň” inspektorlaryna barlamaga hakykatdan hem rugsat bermeginiň we bu guramanyň Eýranda alyp barýan işlerini güýçlendirmeginiň zerurdygyny görkezýär.

Bu barada gürrüň edilende, Eýran ilkinji nobatda goşmaça protokoly tassyklamaly. Tähran bu taslama gol goýdy, ýöne ol henize çenli muny tassyklaman gelýär. Bu gaty möhüm bir dokumentdir, sebäbi bu Halkara “Atom Energiýasy Agentligine” Eýranda geçirýän barlaglaryny güýçlendirmäge we şubhe edilen her ýeri barlamaga mümkinçilik berýär. Meniň pikirimçe, halkara jemgyýetçiligi mundan beýläk şu meselä üns bermeli.

Azatlyk Radiosy: Kumuň töwereginde tapylan bu ýadro merkezi ýaly kiçijik fabrikler Eýranyň urany baýlaşdyrmagyna we ýadro ýaraglaryny öndürmegine näderejede uly goşant goşup biler? Günbatarly synçylar Kumdaky bu zawodyň 3 muň töweregi sentrifugasynyň bolup biljekdigini çak edýärler. Bu san bu merkeziň mümkinçilikleri we maksady barada nämäni aňladýar ?

Şannon Kile: Eýran ilkibaşda Kumdaky bu merkeziň diňe sentrifugalaryny baýlaşdyrmak üçin gurlanlygyny mälim edipdi.

Elbetde, bu senagat derejesinde iş alyp barjak uly bir fabrik däl. Biziň häzirki döwürde şol merkezde ýerleşdirilen sentrifugalaryň hili barada anyk maglumatymyz ýok.

Munuň ýakynda ýüze çykmagyna umyt edýäris. Emma şol merkeziň näçeräk möçberde baýlaşdyrylan urany öndürmäge ukybynyň bardygy baradaky sorag möhüm bolup durýar.

Häzirki döwürde şol merkez her ýyl bir ýa bir ýarym atom ýaragyny ýasamaga ýeterlik urany öndürmäge ukyply ýaly bolup görünýär.
XS
SM
MD
LG