Sepleriň elýeterliligi

Nebit söwdasynda dollardan daşlaşylarmy?


“Independent” gazetiniň 5-nji oktýabrdaky maglumatyna görä, Arap aýlagyndaky nebiti öndürýän döwletler nebit söwdasynda dollardan peýdalanmaly däl diýip, ony satyn alýan döwletler bilen gizlinlikde gepleşik geçiripdirler.

“Independent” gazetiniň 5-nji oktýabrdaky maglumatyna görä, Arap aýlagyndaky nebiti öndürýän döwletler nebit söwdasynda dollardan peýdalanmaly däl diýip, ony satyn alýan döwletler bilen gizlinlikde gepleşik geçiripdirler.

Britaniýanyň “Independent” gazetiniň ýazmagyna görä, maliýe krizisi sebäpli arap döwletleri, Hytaý, Orsýet, Ýaponiýa we Fransiýa nebit söwdasynda dollardan peýdalanmagy goýbolsun etmegi planlaşdyrýarlar.Gazet öz informasiýasyny hiç bir çeşmä salgylanman çap etdi.

Global derejedäki ykdysy krizis sebäpli dollaryň hümmetiniň gaýtadan güýçlenmek mümkinçiligi hakynda käbir döwletlerde gaýgy-aladalar ýüze çykýar.

Britaniýanyň “Independent” gazetiniň 5-nji oktýabrdaky maglumatyna görä, Arap aýlagyndaky nebiti öndürýän döwletler nebit söwdasynda dollardan peýdalanmaly däl diýip, ony satyn alýan döwletler bilen gizlinlikde gepleşik geçiripdirler. Şol maglumat çap bolandan birnäçe sagat soňra Saud Arabystanynyň merkezi bankynyň başlygy Muhammet al Jaser bu habary ret edip, öz döwletiniň şeýle gepleşikleri geçirmändigini mälim etdi.

“Independent” öz habaryny hiç bir çeşmä salgylanmazdan çap edipdir hem-de şeýle gepleşikleriň nirede bolandygy hakynda jikme-jik maglumat bermändir. Ýöne gepleşige Arap aýlagy döwletleriň, Orsýetiň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň we Brazilýanyň merkezi banklarynyň başlyklarynyň hem-de maliýe ministrleriniň gatnaşandygyny Aýlagda ýerleşýän arap döwleti bilen Hytaýyň banklaryndaky çeşmeleriň tassyklandygyny gazet ýazdy.

Täze walýutada söwda

Nebiti öndürýän we ony satyn alýan döwletler bu çig mal söwdasyny dollarda däl-de, onuň ýerine Ýaponiýanyň milli puly, Hytaýýň ýuany, ýewro, altyn ýa-da “Arap Hyzmatdaşlygy Şurasy” döwletler tarapyndan esaslandyrylmagy planlaşdyrylýan täze walýuta esasynda söwdalaşmagyny isleýärler.

Nebit senagaty boýunça analitikler gazetiň bu raportynda şu gün dünýäde höküm sürýän maliýe ýagdaýyna we onuň dolanyşygyna üns berilse-de, raportdaky jikme-jik detallara o diýen çynlakaý garamaýarlar. Nebit söwdasynda resmileriň başga bir walýutany alternatiw hökmünde ulanmaklary geň galdyryjy däl, ýöne häzirki ýagdaýy birbada üýtgetmek hakynda anyk bir planyň ýerine ýetirilmegi geň galdyryjy bolar.

Düýbi Kiprdäki “Midel East Economist Survey” neşiriniň maliýe bölüm müdiri Melanie Lovett nebit söwdasynda dollardan el çekilmegi hakynda şeýle diýýär: «Meniň pikirimçe, bu tiz wagtda bolmaz. Belki-de, olar dürli walýuta hakynda gepleşik geçirendirler, haryt öndürýän tarap nädip söwdalaşmalydygy hakynda dürli ýagdaýy öwrenip biler, bu-da onuň bir görnüşi, olaryň edýän aladalary bu ugurda haýsydyr bir möhüm täsir ýetirmez oýdýärin» diýip, Lovett ýörite belleýär.

Ol Aýlag döwletleriniň nebit söwdasynda dollaryň ýerine başga walýuta saýlap almaklary şübheli bolup biler, sebäbi olaryň walýutasy gönüden-göni dollara bagly diýip, Lovett sözüne goşýar.

$2 trillion rezerw

Dört sany nebit öndürýän uly döwletler: Saud Arabystanynyň, Kuweitiň, Kataryň we Abu Dabiniň bilelikde iki trillion dollar rezerwiniň bardygy çak edilýär. Nebit satyn alýan uly döwlet bolan Hytaý-da şular ýaly problema duş geldi, ykdysady bilermenleriň çak etmeklerine görä, bu döwletiň 70%-den gowrak daşary ýurt walýutasy ABŞ-da dollar ýa-da dollar görnüşindäki serişdeler hökmünde saklanylýar.

Dollaryň hümmetiniň peselmegi Hytaýýň döwlet ykdysadyýetine gönüden-göni täsir edýär.

Ykdysady taýdan häzirki höküm sürýän global krizis döwründe dollaryň hümmetiniň peselmeginiň bir sebäbi – maýa ýatyrýan döwletler üçin onuň elmydama öz güýçli hümmetini we durnuklylygyny saklamak mümkinçiligidir we bu meseledäki şübheleriň artýanlygydyr. Şonuň ýaly-da, soňky ýyllarda euronyň hümmetiniň ýokarlanmagy-da şeýle şübheleriň artmagyna sebäp bolýar.

Nebiti öndürýän döwletleriň diňe Eýran söwdasyny euroda alyp barjagyny planlaşdyrdy, ýöne analitikleriň pikiriçe, ykdysady taýdan köpräk bu planyň syýasy äheňi bar.
XS
SM
MD
LG