Sepleriň elýeterliligi

Türkmen gazy Orsýete gaýtadan akyp başlar


Kreml türkmen gazynyň gaýtadan Orsýete akdyrylyp başlanmagy barada Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda ylalaşyga gelnenligini habar berdi.

Krmeliň metbugat wekili Nataliýa Tymakowa bu baradaky ylalaşyga geçen aý bu iki ýurduň prezidentleriniň arasynda bolan duşuşygyň netijesine gelnenligini mälim etdi.

Mälim bolşuna görä, türkmen gazyny Orsýete eksport edýän gaz geçirijide bolan partlama zerärly Türkmenistandan Orsýete akýan gaz aprel aýynda kesilipdi.

Tymakowa türkmen gazyny satyn alýan rus şirketi “Gazpromyň”, bu gazyň gaýtadan akyp başlamagy üçin tekniki meseleler barada iş alyp barýanlygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG