Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli žurnalist Politkowskaýanyň ölüminiň üç ýyllygy bellenilýär


Orsýetli žurnalist Anna Politkowskaýanyň öldürilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli onuň hatyrasyna şu gün Moskwada protest gurnaýarlar.

Bu demonstrasiýa onuň Moskwadaky öýünde atylan wagtyna gabat getirlip başlanýar. Ol mundan üç ýyl ozal Praga wagty bilen sagat 2 den 3-minut geçende atylyp öldürilipdi.

Bu proteste Orsýetiň öňki premýer-ministri Mikhaýyl Kasýanow we onuň Nowaýa Gazeta neşirindäki kärdeşleri bilen bir hatarda ady agzalýan žurnalistiň oglunyň hem gatnaşýanlygy aýdylýar.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, Politkowskaýa Çeçenistanda adamlaryň hak-hukuklarynyň kemsidilmegi barada ýiti makalalar ýazardy. Ol Orsýetiň lideri Putini hem tankyt ederdi.
XS
SM
MD
LG