Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda geçirilen saýlawlarda aşa galplyklara ýol berilipdir


“Waşington Post” gazeti Owganystanda geçirilen prezidentlik saýlawlary bilen bagly BMG-niň taýýarlan gizlin maglumatyna salgylanyp bu ses berlişikde yglan edilen netije bilen hakyky ýagdaýyň arasynda uly tapawudyň bardygynyň aýdylýanlygyny habar berýär.

Ady agzalýan gazet BMG-niň şol maglumatyna salgylanyp çap eden habarynda, käbir etraplarda saýlawlara gatnaşanlygy aýdylan adamlaryň sany bilen ses bermäge baranlaryň arasyndaky tapawudyň 100 müňden hem köpdüginiň aýdylýanlygyny mälim edýär.

Meselem, Owganystanyň resmi çeşmelerine görä, Paktika welaýatynda 212 müň töweregi adam ses berlişige gatnaşypdyr. Olaryň köpüsi prezident Karzaýa sesini beripdirler.

Emma BMG-niň çaklamasyna görä, şol ýerde diňe 35 müň töweregi raýat saýlawlara gatnaşypdyr.

Bu baradaky habar BMG-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Kai Eidanyň orunbasary –Peter Galbraityň- wezipesinden boşadylmagy baradaky wakanyň yz ýanyna gabat geldi.

Ol Owganystanda awgust aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda aşa galplyklara ýol berilenligini aýdyp çykyş edýärdi.
XS
SM
MD
LG