Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalist Anna Politkowskaýa ýatlanýar


Moskwadaky yörişiň dowamynda, janyna kast edilen Anna Politkowskaýanyň suratyna gül desseleri goýulýar, 7-nji oktýabr, 2009 ý.
Moskwadaky yörişiň dowamynda, janyna kast edilen Anna Politkowskaýanyň suratyna gül desseleri goýulýar, 7-nji oktýabr, 2009 ý.

Žurnalist Anna Politkowskaýanyň öldürilenine şu gün dogry üç ýyl boldy.

Žurnalist Anna Politkowskaýanyň öldürilenine şu gün dogry üç ýyl boldy. 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda bu tanymal žurnalistiň öldürilmegi halkara derjesinde gahar-gazap döredip, Orsýetde adam hukuklarynyň ýagdaýy barada bütin dünýäni aladalandyrypdy.

Kremli ýadawsyz tankytlan, Çeçenistanda adam hukuklarynyň depgilenilmegini üznüksiz paş eden Politkowskaýa Moskwada öz öýüniň gapysynda atylyp öldürildi. Ol 48 ýaşyndady.

Ony öldürenlikde günälenip, tussaglyga höküm edilen adam entek ýok. Barlagçylar onuň kimiň tabşyrygy boýunça öldürilendigini şu wagta çenli anyklap bilmän gelýärler. Onuň çagalary Wera bilen Ilýa ejelerini öldürenler suduň öňünde dikeldiler diýen umydyň indi ýitip barýandygyny aýdýarlar.

“Ejemiň ölenine üç ýyl boldy. Bu jeneýatda eli bar adamlaryň kimlerdigi bilnip, sud öňüne getiriler diýen umydymyz indi ýitip barýar. Sebäbi wagt geçdigiçe, bu jenaýata gatnaşanlary tapmak mümkinçiligi-de azalýar” diýip Politkowskaýanyň gyzy Wera aýdýar.

Şübhelenilýän adamlar

Politkowskaýany öldürenlikde şübhe bildirilen üç adam şu ýylyň fewralynda “günäsiz” diýip boşadyldy. Şondan soň onuň yzynda galanlar bu jenaýatyň täzeden derňelmegini talap etdiler.

“Sülçülere ýene bir mümkinçilik berildi. Meniň pikirimçe, bu iň soňky şans bolup durýar. Sebäbi aradan köp wagt geçdi. Biz olar bu pursatdan peýdalanar diýip umyt edýäris” diýip, Ilýa Politkowskiý aýdýar.

Sergeý Sokolow Politkowskaýanyň işlän gazeti “Nowaýa Gazetanyň” baş redaktory. Onuň aýtmagyna görä, sülçüler indi bu jenaýaty edendir diýip, başga adamlara şübhelenýärler.

“Barlag geçirjekler şol öňki topar. Olara ençeme täze barlagçy goşuldy, ençemesi gitdi. Derňewçiler bilen geçiren gepleşigimden düşünişime görä, şübhelenilýän başga adamlar bar. Ähli zat oňat öňe gitse, suduň öňünde dikeldiljek adamlaryň öňküden köpeljekdigini pikir edýärin” diýip, Sokolow aýdar.

Sülçüler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk eden Sokolow täze şübhelenilýän adamlar barada maglumat bermekden saklandy. Sebäbi barlag işi entek doly tamamlanmandyr.

Sişenbe güni Moskwada geçirilen metbugat konferensiýasyna merkezi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz Žurnalistler” gurmasynyň iki wekili gatnaşmakçydy. Ýöne Orsýet olara wiza bermedi. Bu toparyň başlygy Jean-Francois Julliard ors häkimiýetlerini bu iki adama bilgeşleýin wiza bermänlikde aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG