Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam ösüşi boýunça hasabat - 2009


Hasabatda Türkmenistan ynsan mümkinçilikleriniň ösüş indeksi orta derejeli döwletleriň toparyna girýär.
Hasabatda Türkmenistan ynsan mümkinçilikleriniň ösüş indeksi orta derejeli döwletleriň toparyna girýär.

Ynsanyň ösüşi adamlaryň öz potensialyndan peýdalanmagyna, olaryň saýlamak ukybyna we durmuşyň gymmatlyklaryndan lezzet almak mümkinçiliklerine bagly diýip, BMG-niň "Ösüş Programmasynyň" resmi internet saýtynda aýdylýar.

Maglumatda bellenişi ýaly ynsan ösüşi boýunça hasabatlarda 1990-njy ýyldan bäri garyplyk, adamlaryň ömür ýaşy, demokratiýa, ynsan hukuklary, medeni azatlyklar, globalizasiýa, suw ýetmezçiligi we howanyň üýtgemegi ýaly problemalar gozgaldy.

BMG-niň "Ösüş Programmasynyň" 2009-njy ýyl boýunça hasabatynyň temasy adamlaryň hereket ukybyna we ösüşine degişli. Migrasiýa, ýagny adamlaryň ýurduň çäginde we ýurduň daşyna hereket etmegi ýerli we halkara diskussiaýalarda barha ýiti meselä öwrülip barýar diýip, BMG-niň '"Ösüş Programmasynyň" täze hasabatynda bellenilýär.

Adamlar name üçin göçýärler?

BMG-niň "Ösüş Programmasynyň" hasabatynda aýdylyşy ýaly adamlar, adatça, ösýän döwletlerden has baý döwletlere gidýärler. Şol bir wagtda-da iň güýçli migrasiýa prosesiniň ýurtlar arasynda däl-de, ýurtlaryň öz içinde bolup geçýänligi hasabatda belenilýär.

Öz ýurdunyň çäginde bir ýerden başga ýere göçýän adamlaryň sany 740 milliona golaý. Bu bolsa, ýurtlar arasyndaky migrasiýanyň möçberinden 4 esse ýokary. Regionlaryň çäginde-de migrasiýa güýçli depginde gidýär diýip, hasabatda aýdylýar.

Ýurduň içinde hem-de daşyna göçýänleriň köpüsine migrasiýa has gowy gazanç çeşmesini tapmaga, bilim we saglygy saklaýyş hyzmatlary babatynda has elýeterli şertlerden peýdalanmaga ýol açýar.

Olar täze ýerde ornaşmak üçin mydama hereket etmäge mejbur bolýan hem bolsalar, migrantlaryň köpüsi täze ýerde has bagtlydygyny aýdýarlar diýip, BMG-niň “Ösüş programmasynyň” hasabatynda bellenildi.

Şol bir wagtda-da adamlaryň migrasiýa üçin mümkinçilikleri dünýäniň dürli regionlarynda tapawutlanýar. Käbir ýerlerde adamlaryň göçmek we hereket etmek mümkinçilikleriniň syýasy sebäplerden çäklendirilýänligi aýdylýar.

Hasabatda döwletler dört topara bölünýärler, birinji we ikinji toparlara ynsan mümkinçilikleriniň öşüş indeksi “örän ýokary” we “ýokary” bolan döwletler, 3-nji topara bolsa “orta derejeli” döwletler we dördünji topara “pes derejeli” döwletler girýärler.

Türkmenistan orta indeksli toparda

Hasabatda Türkmenistan ynsan mümkinçilikleriniň ösüş indeksi orta derejeli döwletleriň toparyna girýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda içerki we daşarky migrasiýanyň iş gözlegi bilen baglydygyny synçylar aýdýarlar. Şu çaka çenli türkmenistanlylaryň iň kop gidýän ýurtlary Türkiýe we Orsýet bolupdy. ABŞ ýaly Günbatar döwletlerine gidenleriň-de bolanlygyny türkmenistanlylar gürrüň berýärler.

Aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýewiň sözlerine görä, ýurduň içinde bolsa, raýatlar köplenç Aşgabada barýarlar. “Türkmenistanda welaýatdan-welaýata barmak boýunça rugsat düzgüni ýatyrylansoň, raýatlaryň ýurduň içinde herekt etmegine mümkinçilikleri belli bir derejede gowulandy. Muňa garamazdan, gazanjyň gözlegine çykýan adamlaryň ýurduň içinde başdan geçirýän kynçylyklary henizem köp”.

Baýryýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistanda hereket etmek mümkinçiligi iki ýylyň dowamynda az-owlak bolsa-da gowulandy. “Ýöne erkin hereket etmegiň oňünde propiska ýagny ýaşaýan ýeriňe ýazylmak düzgüni päsgelçilik döredýär. Ine, baran ýerlerinde adamlar propiska girip bimeýärler we ýarym legal ýagdaýda ýaşamaly bolýarlar. Propiskaň bolmasa, köplenç işe almaýarlar”.

Postsowet döwletlerinde syýasy-jemgyýetçilik prosesleri öwrenýän Informasion- analiz merkeziniň bilermeni Aleksandr Karawaýewiň sözlerine görä, Sowet Soýuzy dargaly bäri Merkezi Aziýa ýurtlarynda ilatyň iş migrasiýasy boýunça iň ýokary derejesini Özbegistan bilen Täjigistan görkezdi, Gyrgyzystan 3-nji ýerde. Türkmenistanyň migrasiýa derejesi ýokary däl.

Bu nämäni aňladýar?

Aleksandr Karawaýewiň pikirine görä, munuň iki sany esasy sebäbi bar.

“Birinjiden, adamlaryň öňünde ýurduň daşyna çykmak boýunça agyr düzgünler böwet bolup durýar. Syýasy-administratiw hem burokratik päsgelçilikler muňa sebäp bolýar” diýip Karawaýew aýdýar.

Ekspert Karawaýew munuň ikinji sebäbini şeýe düşündirýär: “Adamlaryň ýurduň daşyna çykmaga maliýe mümkinçiligi-de pes. Türkmenistandan beýleki ýurtlara diňe uçar arkaly çykyp bolýar, bu-da gymmat. Türkmenistanyň transport aragatnaşyk mümkinçilikleriniň regionyň beýleki ýurtlaryna garanda örän çäkjlidigi hem raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyny kynlaşdyrýar”.

BMG-niň Ynsan ösüşiniň 2009-nji ýyl boýunça hasabatynda adamlaryň hereket etmäge ukyply bolmagynyň milli senagatlaryň ösüşine itergi berýänligi aýdylýar.

Adamlaryň hereket etmeginiň öňünde bar bolan böwetleriň azaldylmagy we migrantlara garaýyşlaryň gowulanmagy, ynsan potensialynyň ösüşine uly peýda getirip biler diýip, hasabatda bellenilýär.
XS
SM
MD
LG