Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Dini azatlyk ykdysadyýeti hem ösdürýär”


Marydaky Hoja Yusup Hamedany metjidi, 1-nji mart, 2009 ý.
Marydaky Hoja Yusup Hamedany metjidi, 1-nji mart, 2009 ý.

Türkmenistanda syýasy, ykdysady, sosial, wyždan bilen bir hatarda dini azatlyk bilen bagly meseleler hem halkara jemgyýetçiligi tarapyndan mydama orta atylýan problemalardan biridir.

Düýbi Amerikda ýerleşýän “Spiritual Enterprises Institute” hem-de “Roosevelt Group” atly guramalar tarapyndan ýakynda ýaýradylan dini azatlyklar boýunça hasabatda Türkmenistan iň repressiw ýurtlaryň sanawyna goşulypdyr.

Bu guramalara ýolbaşçylyk edýän Ted Malloç ýakynda Azatlyk Radiosynyň Pragada ýerleşýän baş ştabyna geldi. Bu pursatdan peýdalanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir onuň bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siziň guramaňyz tarapyndan çap edilen raportda Türkmenistan dini azatlyklar boýunça iň repressiw ýurtlardan biri diýlip häsiýetlendirilýär. Munuň sebäbi näme?

Ted Malloç: Bu baradaky barlaglar “Azatlyk Öýi” hemem “Hudson Institute” atly guramalar tarapyndan amala aşyryldy.

Meniň ýolbaşçylyk edýän “Spiritual Enterprises Institute” atly guramam hem geçen ýyl bu barada gaty uly göwrümli kitap çap etdi. Bu kitabyň ady “dünýäde din azatlygydyr”.

Şol kitapda 120 ýurt barada geçirilen barlaglaryň netijesi çap edildi. Biz şol barlaglarda 17 sany dürli ugra üns berip, olary dürli kategoriýalara böldük. Şundan soňra bu netijäni ekespertler komitetine tabşyrdyk.

Bu barada barlaglar geçirilende, biz aýratynam dürli kategoriýalarda iň pes görkezijä eýe bolan ýurtlar barada ýörite syn taýýarladyk. Türkmenistan hem şol kategoriýa giren ýurtlardan biridir.

Merkezi Aziýada ýerleşýän käbir beýleki ýurtlar bilen bir hatarda bu topara yslam düzgünini saýlap alan ençeme başga ýurtlar hem girdiler. Olaryň arasynda Saud Arabystany we Päkistan ýaly ýurtlar hem bar. Bu topara giren ýurtlar başga mezhebe ýa dine uýýan adamlara öz dini ynanjyna görä ýaşamaga ýa dini ybadatlaryny berjaý etmäge ýol bermeýän ýurtlardyr.

Şol ýurtlarda aýratynam dini azlykdaky adamlar dürli gynamalara sezawar edilýärler. Biz dini azatlyklar barada barlag geçirenimizde, şol ýurtlarda syýasy we ykdysady azatlyklar baradaky ýagdaýlara-da üns berdik we bu gaty gyzykly netijäni ýüze çykardy.

Azatlyk Radiosy: Berýän gürrüňiňiz gaty täsin, sebäbi bu toparda berk dini düzgüni saýlap alan yurt, ýagny Saud Arabystany bilen bir hatarda, gaty dünýewi diýlip hasaplanylýan Türkmenistan ýaly yurt hem bar. Bu bir hili gapma-garşylyk döredenokmy? Bu çylşyrymly ýagdaýy bize düşündüräýseňiz?

Ted Malloç: Ýok, bu hiç hili gapma-garşylykly ýagdaýy döredenok. Sebäbi bu dürli ýurtlarda ýerleşýän 75 töweregi ekespert tarapyndan taýýarlanan gaty obýektiw syndyr.

Elebetde, barlaglar amala aşyrylan şol ýurtlarda ekespertler dürli ýygnaklar geçirip, bu barada ýerli synçylaryň pikirleri bilen tanyş boldular. Şu hili giň göwrümli aladanyň netijesinde taýýarlanan bu raporty gaty obýektiw bir dokument hasap edýärin.

Elbetde, yslam düzgünini saýlap alan ýurtlar bilen bir hatarda repressiw ýurtlaryň sanawynda käbir dünýewi ýurtlar hem bar. Emma biz öz geçiren barlaglarymyzda meseläniň diňe kanuny tarapyna däl, onuň şol ýurtlarda iş ýüzünde amala aşyrylyşyna hem üns berdik.

Şunlukda biziň gelen netijämiz käbir ýurtlarda milli buthana sistemasynyň bolmagyna garamazdan, şol ýurtlarda dini azatlyklar boýunça gaty berk hem repressiw düzgüniň höküm sürýänligi baradadyr.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan ýaly ýurtlaryň dini meseleler boýunça şeýle berk syýasat alyp barmagynyň sebäbi näme bolup biler? Olaryň şeýle çäklendirmeler girizip, nämäniň öňüni almaga synanyşýan bolmagy mümkin?

Ted Malloç: Men şol ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň ýa şol ýurtlardaky jemgyýetçilik düzgüniň adyndan çykyş edip biljek däl, emma men inwestisiýa nukdaýnazaryndan bu barada öz pikirimi aýtsam, bu hili syýasat ýurdyň abraýna gaty erbet täsir ýetirýär. Sebäbi dini azatlygyň bolmazlygy şol ýurtda ykdysady azatlygyň hem ýokdugyny aňladýar.

Şunlukda bu iki kemçiligiň bolan ýurduna günbatar kompaniýalary we günbatarly biznesmenler maýa goýmazlar. Sebäbi şeýle ýurtlar töwekgelçilikli ýagdaýlaryň höküm sürýän ýurdy hökmünde tanalýar. Biznesmenleriň nukdaýnazaryndan bu özüne çekiji bir ýurt diýlip hasaplanylmaýar.

Ýagny şeýle ýagdaý höküm sürýän ýurduň ähmiýeti maýa goýujylaryň nukdaýnazaryndan peselýär. Bu hem şol ýurtlaryň alyp barýan ýalnyş syýasaty zerarly emele gelýän ýagdaýdyr.

Azatlyk Radiosy: Dini azatlyk meselesi boýunça şeýle repressiw syýasat alyp barýan ýurtlara gelejekde näme garaşýar? Ýagny, bu hili syýasatyň soňy nähili netije bilen tamamlanmagy mümkin?

Ted Malloç: Men munuň ykdysady jähtden getirjek netijesi barada gürrüň etsem, her haçan bir firma haýsydyr bir ýurtda maýa goýmagy planlaştyrýan bolsa, olar bu ugurda hereket etmezden ozal şeýle raportlary gözden geçirýärler. Olar biz ýa biziň ýaly beýleki guramalar bilen hem maslahatlaşýarlar.

Şeýle ýagdaýda olar sanawymyzda iň pes baha eýe bolan ýurtlarda maýa goýmakdan çekinýärler. Bu düşnükli, sebäbi töwekgelçilikli ýagdaý höküm sürýän ýurtda kim maýa goýmaga ýürek eder?

Şeýlelikde olar Türkmenistan ýaly ýurtlaryň deregine regionda ýerleşýän başga ýurtlara, şol sanda Türkiýä gidýärler. Sebäbi häzirki döwür berk ykdysady ýaryşyň höküm sürýän döwrüdir.

Şeýle represiw syýasat alyp barmak bilen Türkmenistan ýaly ýurtlar maýa goýujylaryň ýurda gelmegine özleri päsgelçilikler döredýärler.

Şol bir wagtyň özünde-de, syýasy ýagdaýlary öwerlikli bolmadyk hemem dini azatlyklara hormat edilmeýän ýurtlarda daşary ýurtlylar hem ýaşamak islemeýärler. Netijede puly bolan adamlar şeýle ýurtlara asla barmaýarlar. Puluň bolsa, maýa goýmaga ýer köp, dünýäde 200 töweregi ýurt bar, şu hakykata göz ýetirmek gerek.

Azatlyk Radiosy: Dini azatlyklar boýunça şeýle berk syýasatyň alnyp barylmagy ýurduň içki ýagdaýlaryna nähili täsirini ýetirer? Ýagny, bu hili syýasatyň uzak möhletde ýurduň içinde nähili netije bermegi mümkin?

Ted Malloç: Şeýle çäklendirmeleriň ýurduň içine hem erbet täsirini ýetirjekdigini aýdyp bolar. Bu, belki, halkara derejesinde maýa goýujylaryň şol ýurtdan ýüz öwürmegi ýaly däl, emma munuň oňyn netije bilen tamamlanmajagyny aýdyp bolar.

Meselem, haýsydyr bir ýurtda etniki taýdan azçylykda bolan bir topara öz dini ynanjyna görä ýaşamaga mümkinçilik berilmeýän bolsa, bu şol toparyň ýurduň ykdysadyýetinden üzňeleşdirilenligini aňladar. Şunlukda olar öz işlerini gizlin, ýagny bikanun ýollar arkaly etmäge mejbur bolarlar.

Käbir ýagdaýlarda bolsa, şeýle toparlar ykdysady taýdan gözgyny ýagdaýda ýaşamaga mejbur bolarlar. Olaryň hak-hukugy kemsidiler, bu hem adam hukuklarynyň aýak asty edilýänligini aňladar. Şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolan adamlar käbir halatlarda ýurtdan gaçyp çykmaga hem mejbur bolarlar.

Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde Merkezi Aziýany dünýewi usuly saýlap alan ýurtlaryň regiony diýip häsiýetlendirip bolar. Emma şol bir wagtyň özünde Täjigistan we Özbegistan ýaly ýurtlarda dini hereketler hem güýçlendi. Şol ýurtlardaky ýagdaýlaryň Merkezi Aziýada ýerleşýän beýleki ýurtlara hem öz täsirini ýetirmegi mümkinmi?

Ted Malloç: Meniň bu ýurtlaryň aýratynlyklary barada o diýen köp maglumatym ýok. Biz öz işlerimizde şol ýurtlaryň ýagdaýyny we medeniýetini gowy bilýän synçylaryň bize berýän maglumatlaryna bil baglaýarys.

Emma, umuman aýdylanda, men aç-açanlygyň öz-özünden uly we pozitiw özgerişleri emele getirýänligini aýdyp biljek. Käbir yslam ýurtlarynda, meselem Iordaniýa ýaly ýurtlarda, etniki azlykdakylaryň ýagdaýy beýleki käbir yslam ýurtlaryndaky bilen deňeşdirilende has gowy.

Aýlag regionynda ýerleşýän käbir ýurtlarda hem bu durum öwerlikli. Meselem, Dubaý bu ugurda has ösen. Şonuň üçin ol şäher dünýäniň uly ykdysady merkezlerinden birine öwrülüp barýar. Oňa Ýakyn Gündogaryň Hong Kongy diýip hem baha berip bolar, şol bir wagtyň özünde bu görelde alynmaly bir şäher bolup durýar. Dünýäde şeýle täzelikleriň bolýanlygy pozitiw bir ösüşdir.
XS
SM
MD
LG