Sepleriň elýeterliligi

Saudly erkek müň gamçy bilen bäş ýyl aldy


Saud Arabystanynyň sudy telewizorda öýlenmezinden öňki söýgi edermenlikleri barada öwnen erkege müň gamçy urmak we 5 ýyl iş kesmek barada karar çykardy.

32 ýaşly Mazen Abdel-Jawad iýul aýynda Saud Arabystanynyň satalit tele-kanalynda bir gepleşikde öz söýgi başdan geçirmelerini gürrüň berdi.

Sud ony türmeden çykandan soň hem 3 ýyl syýahat hukugyndan kesdi we psihologa görünmegi maslahat berdi.

Sudda bu telegepleşige gatnaşan beýleki üç erkege-de ýyl kesildi. Ýöne olar öz jynsy durmuşlary barada beýle açyk öwünmänsoňlar, bary-ýogy 2 ýyl hem 300 gamçy aldylar.
XS
SM
MD
LG