Sepleriň elýeterliligi

Italiýanyň Konstitusiýa sudy liderleriň eldegrilmezlik kanunyny ýatyrýar


Italiýanyň Konstitusion sudy premýer ministr Silwio Berluskoniniň we beýleki ýokary resmileriň wezipede wagty jogapkärçilige çekilmegine ýol bermeýän kanuny ýatyrdy.

Bu kanun geçen ýyl Berluskoni häkimiýete gelenden biraz soň kabul edilipdi we Italiýanyň dört esasy syýasatçysyny, premýer ministri, prezidenti, parlamentiň iki öýüniň spikerlerini wezipede wagty kanuny jogapkärçilige çekmekden goraýardy.

Indi Berluskoni para-peşgeşli aýyplamalar esasynda jogapkärçilige çekilip bilner.

Berluskoni suduň kararynyň syýasy äheňlidigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG