Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň metbugat azatlygy wekili Moskwa geldi


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Moskwa üç günlük saparyna başlady.

Miklos Harazti rus resmileri bilen žurnalistlere garşy zorlugy azaltmakda, teleradio gepleşiklerinde pikir dürlüligini dikeltmekde, internet azatlygyny goramakda zerur bolan çäreler barada maslahat etmekçi.

Şeýle-de Harazti metbugat professionallary we adam hukuklaryny goraýjylar bilen duşuşar.

Harazti 8-nji oktýabrda halkara metbugat konferensiýasynda metbugat azatlygynyň ýagdaýy barada söz sözlär.

XS
SM
MD
LG