Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Merkezi Aziýa Owganystana haryt eltmegi teklip edýär


Birleşen Ştatlar Merkezi Aziýa döwletleriniň Owganystandaky operasiýalar üçin has köp haryt we hyzmat üpjünçiligini ýola goýmagy barada plan düzýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň, şeýle-de Owganystanyň söwda ministrleri söwdany hem maýa goýumyny giňeltmegi maslahatlaşmak üçin Waşingtona geldiler.

Birleşen Ştatlaryň Söwda wekili Demetrios Maranits öz edarasynyň bu döwletleriň Owganystandaky amerikan operasiýalary üçin haryt we hyzmat üpjüçiligi mümkinçiliklerini köpeltmek üçin Pentagon we beýleki amerikan gulluklary bilen maslahat edýändigini aýtdy.

Ol bu çäräniň Merkezi Aziýada täze iş erlerini açmakda hem maýa ýatyrmakda bir topar mümkinçilik döretjegini, şeýle-de Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky howpsuzlygy berkitmegine kömek etjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG