Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan hem amerikan güýçleri 50 tonna tirýek tutdy


Owganystanyň Goranmak ministrligi amerikan hem owgan güýçleriniň bilelikdäki operasiýada 50 tonna tirýek bilen 1.8 tonna geroini ele salandygyny we 17 jeňçini öldürendigini aýdýar.

Ministrligiň sözçüsi Mohammad Zahir Azimi ele geçirilen neşäniň soňky ýyllardaky iň uly oljadygyny, onuň bahasynyň 5 million dollara barabardygyny aýdýar.

5 sagatlyk operasiýanyň dowamynda Helmand welaýatynyň Kajaki etrabyna, dünýäniň esasy geroin çeşmesine wertolet arkaly esger düşürilipdir.

Şeýle-de Azimi 30 tonna mineral döküniň, müň gapyrjak awtomat we pulemet okunyň ele geçirilendigini, geroin sehiniň bolsa partladylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG