Sepleriň elýeterliligi

Klinton rus häkimiýetlerini tankyt edýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillari Klinton rus häkimiýetleriniň žurnalistiň gandaryny tapyp bilmezligi Orsýetde kanunyň hökmürowanlygyny berkitmekdäki, hökümetiň jogapkärçiligini ýokarlandyrmakdaky we korrupsiýa garşy göreşdäki tagallary gowşadýar diýdi.

Klinton žurnalist Anna Politkowskaýanyň öldürilen gününiň 3 ýyllygyna gabatlap beýanat çap etdi.

Politkowskaýa Kremliň tankytçysydy, Çeçenistandaky hukuk bozulmalaryny paş edýärdi.

Klinton žurnalistleri goramak baradaky komitete salgylanyp, Orsýetde 2000-nji ýyldan bäri 18 žurnalistiň öz işi sebäpli öldürilendigini, emma olaryň diňe biriniň ganhorlarynyň jogapkärçilige çekilendigini ýazýar.

Klinton bu beýanaty indiki hepde Moskwa etjek saparynyň öňünden çap etdi.



XS
SM
MD
LG