Sepleriň elýeterliligi

Eduard Şewardnadze hem Nobel baýragyna höwesli eken


Eduard Şewardnadze.

Eduard Şewardnadze.

Öňki Sowet Soýuzynyň daşary işler ministri Eduard Şewardnadze Sowet Soýuzynyň dargamagyna elten reformalaryň arkasyndaky uly güýçdi. Berlin diwarynyň ýykylmagynyň ýyl dönüminiň öňüsyrasy Şewardnadze Azatlyk Radiosyna interwýu berdi.

Azatlyk Radiosy: Siz ýatlamalaryňyzda iki Germaniýanyň birleşmegi baradaky meseläniň baryp 1985-nji ýylda Gorbaçow bilen Genşer ilkinji gezek duşuşanda gozgalandygyny ýazýarsyňyz. Bu mesele nähili bolup ilerledi? German kansleri Helmut Kohluň Gorbaçowy nasistik Germaniýanyň propaganda ministri Gebbelse deňemegi netijesinde dörän jedel Gorbaçowyň tutumyna täsir etdimi?

Şewardnadze: Gorbaçowyň tutumy aýdyň däldi. Iki Germaniýanyň birleşmegi mümkinmi diýip soralanda, ol bu soraga jogap bermän, bu mesele barada göni gürlemeýärdi. Mesele soňra Ottawada gozgalanda, Beýker menden Gorbaçowyň pozisiýasyny sorady. Onsoň men Moskwa jaň edip, Gorbaçowa bu soragyň ýüze çykandygyny aýtdym. Ol maňa: “Bu mesele iru-giç çözülmeli. Biziň muny uzaga çekdirmän, kynçylyk döretmezligimiz gowy” diýdi.

Şeýdip, Gorbaçowyň razylygyny alanymyzdan soň, bu proses başlandy. Ýöne iki Germaniýanyň birleşmegi bir günüň içinde boljak zat däldi. Germaniýanyň özüniň hem çözmeli problemalary bardy. Ylalaşyga geler-geleriň üstündekäk Helmut Kohl peýda boldy. Ol Bundestagda çykyş etdimi ýa başga bir ýerde ýadymda däl...

Azatlyk Radiosy: Ol bir intewýu berdi.

Şewardnadze: Hawa, ol bir interwýuda Gorbaçowy Gebbelse deňedi. Şeýdip bir uly çekeleşik turdy. Ýöne soňra Genşeriň meniň Ikinji jahan urşunda Brest söweşinde ölen doganymyň mazarynyň başyna Breste gelmegi ýagdaýy biraz köşeşdirdi. Soň hem Kohluň özi Bundestagda çykyş edip: “Men Gorbaçewy ideologik taýdan Gebbelse deňämok. Onuň iş moralyny aýtdym” diýdi.

Azatlyk Radiosy: Siz Gorbaçow parahatçylyk boýunça Nobel Baýragyny alanynda, men Sowet parlamentiniň öňünde durup, onuň bu baýragy almagyna getiren kararlary goradym diýip ýazýarsyňyz. Munda Gorbaçowdan bir nägilelik bar ýaly bolup dur.

Şewardnadze: Dogrudan-da, şeýle. Şonda Gorbaçow birki agyz söz aýdan bolsady. Onda Şewardnadze-de Nobel Baýragyny alýardy. Ol mahallary meni hemmeler tanaýardy. Hemmeler maňa ynam edýärdi. Gorbaçow muny halamazdy. Ozal Hindistanda bolsa gerek, iki adam Nobel Baýragyny aldylar. Bu Sowet Soýuzynda-da boljakdy. Ýöne tersini etdiler.

Azatlyk Radiosy: Gürji prezidenti Mihail Saakaşwili ýaňy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamblýasynda eden çykyşynda Ýewropada täze ýasama araçäk diýip, Berlin diwaryny mysal getirdi. Berlin diwaryndan biz bu gün näme sapak alyp bileris?

Şewardnadze: Orslar bir ýalňyşlyk goýberdiler. Biziň-de 1992-de Suhuma goşun salmagymyz nädogrudy. Beýle etmedik bolsak, uruş turmazdy. Ýöne edilen başga ýalňyşlar-da bar. Orslaryň eden ýalňyşy 2008-de Abhaziýa bilen Günorta Osetiýany ykrar edendikleri. Bu iki region garaşsyzlyga mynasyp bolsa, onda sany olardan üç-dört esse ýokary çeçen halky näme? Öten ýyl Günbatar bizi goldady.

Azatlyk Radiosy: Bähbitleriň deň gelýän ýeri barmy? Bar bolsa, nirede?

Şewardnadze: Diýeli, Orsýet bilen Birleşen Ştatlar. Waşington Gürjüstana kömek etjek bolýar. Orsýet hem NATO girmek isleýär. Orsýetiň NATO girjekdigi çyn bolsa, onda gürleşere bir zat bar. Gepleşere başga meseleler-de bar. Ýöne gürleşere hiç bir zat bolmasa, mesele çalt çözülmez.
XS
SM
MD
LG