Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly studentleriň ýurtdan çykyp bilmezlikleri bilen baglanyşykly mesele boýunça Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat wekili William Stiwens bilen Azatlyk Radiosyndan Allamyrat Rahym ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Stiwens, amerikan programmasy boýunça Bolgariýada okamaga barýan ýaşlaryň uçardan düşürilmekleri barada siz nähili pikir edýärsiňiz?

William Stiwens: Munuň özi türkmen-ämerikan stipendiýa programmasy boýunça bilim alýan studentleriň Merkezi Aziýadaky amerikan uniwersitetlerine gitmekleriniň öňüne böwet bolunmagynyň özboluşly bir dowamy.

Ol studentler Bolgariýadaky amerikan uniwersitetine kabul edildiler. Ýöne geçen hepdäniň anna güni we şenbe güni ol studentler Bolgariýa gitmekçi bolanlarynda, olara ýene-de ýurtdan çykmaklyk gadagan edildi.

Azatlyk Radiosy: Bu programma boýunça näçe student Bolgariýa gitmelidi?

William Stiwens: Gürrüň bu ýerde 51 adamdan ybarat studentler topary barada barýar. Olar türkmen-amerikan stipendiýa programmasy boýunça bilim alýan studentler.

Azatlyk Radiosy: Siz bu wakadan öň siz bu student ýaşlaryň Bolgariýa gitmekleri barada Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen nähilidir bir ylalaşyga gelmediňizmi?

William Stiwens: Studentleriň daşary ýurda çykyp biljekdigi barada bize ençeme duşuşyklarda, ençeme adamlardan kepil berildi.

Azatlyk Radiosy: Onda geçen hepde olaryň daşary ýurda goýberilmezliginiň sebäbini aeroportda näme bilen düşündiripdirler?

William Stiwens: Ol ýerde studentlere daşary ýurda gitmek bolmaýandygyny aýdypdyrlar. Bar bolany şol. Men ol serhetdäki adamlaryň özlerem munuň sebäbini bilýändirler öýtmeýärin. Olar diňe görkezmä eýerýän bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Siz bu waka nähili reaksiýa bildirdiňiz?

William Stiwens: Men bu barada «Associated-Press» habar agentligine birnäçe interwýu berdim. Megerem, meniň olara beren beýanatymy okan bolsaňyz gerek. Elbetde, biz studentleriň ýagdaýy barada we olaryň okuwlaryny dowam etdirip bilmekleri barada uly alada etdik we, elbetde, studentleriň daşary ýurda çykyp bilmezlikleri bizi örän gynandyrdy.

Azatlyk Radiosy: Bu gadagançylygyň sebäpleri barada size Türkmen häkimiýetleri tarapyndan nähilidir bir düşündirişler berildimi?

William Stiwens: Şu çaka maňa berlen düşündirişler diňe Merkezi Aziýadaky amerikan uniwersiteti bilen baglanyşykly boldy. Biz bu regionda bilim alýan studentleri Bolgariýa geçirmek kararyna gelemizde, Türkmenistan tarapyndan muňa hiç kim garşy bolmandy. Olaryň hemmesem Bolgariýadaky amerikan uniwersiteti bilen baglanyşykly hiç hili problemanyň ýokdugyny aýdypdylar.

Azatlyk Radiosy: Bişkekdäki amerikan uniwersiteti barada Türkmen häkimiýetleriniň bildiren aladasy näme bilen baglanyşykly? Siz şonuň anyk sebäbini bir bilýäňizmi?

William Stiwens: Men onuň degerli bir sebäbini bilemok. Men ençeme adamdan onuň ençeme sebäbi barada eşitdim. Ýöne men ol aýdylan sebäpleri size aýdyp biljek däl. Siziň özüňiz Türkmenistanyň hökümetinden soraýyň onuň sebäbini. Ol jogaplardan käbirleri, meniň pikirimçe, ýöne bir myş-myş derejesindäki jogaplar. Biz bu barada türkmen häkimiýetlerinden resmi jogap almadyk.

Azatlyk Radiosy: Indi siziň ilçihanaňyz bu barada näme etmekçi?

William Stiwens: Biz bu meseläni Türkmenistanyň hökümetiniň öňünde goýmagymyzy dowam etdirmekçi we türkmenistanly çaglaryň ýurtdan çykyp bilmekleri üçin elimizden gelenini etmekçi. Biz häzir olaryň öz bilimlerini dowam etdirip bilmekleri üçin dürli hili mümkinçiliklere garaýarys. Belki, olar nähilidir bir ýol bilen öz bilimlerini şu taýda, Türkmenistanyň öz içinde dowam etdirip bilerler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG