Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda uly partlama boldy


Düýn Owganystanyň paýtagty Kabulda Hindistanyň ilçihanasynyň golaýynda amala aşyrylan güýçli bomba partlamasynda 17 adam ölüp, 70-den gowrak adam hem ýaralandy.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylan bu partlamada ölen adamlardan 15-siniň parahat ýaşaýjylardygyny we ikisiniň hem polisiýa işgäridigini aýtdy.

Bu hüjüminiň jogapkärçiligini şu gün talyp toparlary öz üstlerine aldylar we onuň Hindistanyň ilçihanasyny nyşana alnyp gurnalandygyny mälim etdiler.
Hindistanyň hökümet resmileri bu wakada ilçihananyň hiç hili ýitgi çekmändigini tassykladylar.
XS
SM
MD
LG