Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada türkmen-ors hökümetara Komissiýasynyň maslahaty geçirildi


8-nji oktýabrda Moskwada ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ors hökümetara Komissiýasynyň dördünji maslahaty geçirildi.

Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, bu maslahata hökümetara Komissiýasynyň hemişelik agzalary bilen birlikde, iki ýurduň käbir ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri-de gatnaşypdyrlar.

Maglumata görä, bu maslahatda Türkmenistan bilen Orsetiň hökumetara Komissiýasy ýangyç-energetika, senagat, bilim, oba-hojalygy, transport, balyk hojalygy, aragatnaşyk, gidrometeorologiýa, şeýle hem, gümrük gullugy we bank sistemasyndaky özara hyzmatdaşlyklar boýunça teklipleriň proýektini taýýarlapdyr.

Şu gün iki ýurduň Söwda-senagat palatalarynyň gurnamagynda türkmen-orsýet işewür toparlarynyň biznes maslahaty geçiriler – diýip, «TurkmenistanRu» internet gazýeti habar berýär.
XS
SM
MD
LG