Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň prezidenti Türkmenistana barýar


Täjigistanyň prezidenti Ymomali Rahmon şu gün Türkmenistana resmi sapara barýar.

Muglumata görä, iki gün dowam etjek bu saparynyň dowamynda Ymomali Rahmon prezident Berdimuhamedow bilen iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşar.

Bu gepleşiklerde energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyklara aýratyn üns beriljekdigi aýdylýar.

Häzirki wagt Täjigistan ilaty elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde käbir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär.

Täjik prezidentiniň bu saparynyň barşynda Täjigistanyň Türkmenistandan ýylda 12 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny almak meselesi barada-da gürrüň ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG