Sepleriň elýeterliligi

Amerikan we britan liderleri Owgan-Pakistan strategiýasyny maslahatlaşýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Britaniýanyň premýer ministri Gordon Brown Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky we Pakistandaky strategiýasyna golaýda beren bahasy barada maslahat etdi.

Ak tamyň sözçüsi Robert Gibbs iki lideriň telefonda bu mesele barada «ýakyndan maslahatlaşyp» durmagy karar edendigini aýtdy.

Obama Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky we Pakistandaky strategiýasy barada çarşenbe güni öz harby, aňtaw we syýasy geňeşçileri bilen maslahat etdi.

Obamanyň we onuň geňeşçileriniň bu sebitdäki ýagdaý barada anna güni ýene maslahat etmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG