Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl parahatçylyk ylalaşygy ýakyn däl diýýär


Ysraýylyň daşary işler ministri bu ýakynda palestinalylar bilen gutarnykly parahatçylyk ylalaşygyna gelmek mümkinçiligi ýok diýýär.

Awigdor Liberman Ysraýyl radiosynda çykyş edip, «geljekki birnäçe ýylda konflikti soňlamaga getirjek ylalaşyk gazanyp bolar diýýän islendik adam bu erdäki ýagdaýy bilýän däldir…» diýdi.

Liberman ysraýyllylar we palestinalylar durnuklylygy berkitmek üçin içerki ylalaşyk gazanmaly diýdi we has kyn meseleleri çözmegi iki tarapyň hem soňkurak möhlete goýmagyny maslahat berdi.

Liberman bu sözleri Birleşen Ştatlaryň Orta gündogar wekiliniň parahatçylyk gepleşiklerini gozgamak babatda eden soňky tagallasyndan soň aýtdy.
XS
SM
MD
LG