Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi we Baş sekretar Kabul hüjümini ýazgarýar


BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun Kabulda, Hindistanyň ilçihanasynyň öňünde azyndan 17 adamy öldürip, 80 çemesi adamy ýaralan kast ediş hüjümini ýazgaryp çykyş etdi.

Resmiler ulaga goýlan bombanyň partladylmagyndan ölenleriň hemmesiniň owgandygyny we köpüsiniň graždan adamdygyny aýdýarlar.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň beýanatynda hem bu hüjüm berk ýazgarylýar.

Hüjümiň jogapkärçiligini Talyban öz üstüne aldy we hindi ilçihanasyny nyşana alandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG