Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

GDA bileleşigine girýän ýurtlaryň ýygnagy başlandy


GDA bileleşigine girýän ýurtlaryň liderleriniň sammiti şu gün Moldowanyň paýtagty Kişinýowda başlandy.

Ýöne bu gurama agza Merkezi Aziýada ýerleşýän bäş ýurtdan dördiniň ýagny Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň liderleri bu ýygnaga gatnaşmaýarlar.

Habarlardan mälim bolşuna görä, ady agzalýan şol ýurtlar kiçi derejeli hökümet wekilleri tarapyndan wekilçilik edilýär. Gürjistan bolsa bu guramadan çykýanlygyny yglan edenligi üçin bu sammite gatnaşmaz.

Bu ýygnagyň çäginde Ermenistanyň prezidenti Serj Sarkisiýan bilen Azerbeýjanyň prezidenti Ilham Alyýew penşenbe güni duşuşyp, daglyk-garabag konfilikti barada pikir alyşdylar.

Ermenistan bu duşuşygy konstruktiw diýip häsiýetlendirdi.

Bu mesele boýunça üstünligiň gazanylmagy, Ankara bilen Ýerewanyň arasynda dowam edýän diplomatik dartgynlygyň aradan aýrylmagyna hem ýardam eder.
XS
SM
MD
LG