Sepleriň elýeterliligi

Prezident Obama parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny gazandy


48 ýaşly Obama Nobel baýragy resmi taýdan 10-njy dekabrda Osloda gowşurylar.

48 ýaşly Obama Nobel baýragy resmi taýdan 10-njy dekabrda Osloda gowşurylar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bu wezipä geleli aradan 10 aý geçer-geçmez, parahatçylyk boýunça Nobel Baýragyny gazandy.

Bu habary Osloda Nobel Komitetiniň başlygy Thorbýörn Ýagland bildirdi: “Norwegiýanyň Nobel Komiteti halkara diplomatiýasy we halklar arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin eden adatdan daşary tagallalary mynasybetli 2009-njy ýylyň parahatçylyk boýunça Nobel Baýragyny Amerikan Prezidenti Barak Obama bermegi karar etdi”.

Bu baýrak prezident Obama köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy ugrunda alyp baran “adatdan daşary” diplomatik tagallalary, klimat özgerişine garşy göreşenligi, Orta Gündogarda parhatçylygy ilerledenligi üçin berilýär.

“Obamanyňky ýaly dünýä ilatynyň ünsüni özüne çekip, olara oňat geljek barada umyt beren adam köp däl. Onuň diplomatiýasy dünýä ýolbaşçylyk etmeli adamlar dünýä ilatynyň köpçüliginiň ileri tutýan gymmatlyklaryna we tutumlaryna goşulmaly diýen düşünjä esaslanýar” diýip, Ýagland Obamanyň dünýä ilatynyň köpçüligi bilen pikirdeşdigini nygtady.

Halkara diplomatiýasynda täze ýagdaý

Nobel Komiteti bu habary bildireninde, Obamanyň halkara diplomatiýasynda täze ýagdaý döredendigini, munda hem uzak wagt bäri dowam edip gelýän dawalary çözmekde dialogyň täze rolunyň bardygyny nygtady.

Ýagland şeýle diýýär: “Norwegiýanyň Nobel Komiteti 108 ýyllap edil Obamanyň indi dünýäde öňdebaryjy sözçüsi bolan şol halkara diplomatiýasyny, şol tutumlary goldamaga synanyşdy. Obamanyň global kynçylyklara global derejede gaýtargy berer ýaly hemmämiziň özümize düşýän jogapkärçiligi üstümize almaga wagt gelip ýetdi diýmegini Kommitet makullaýar”.

Obama entek wezipe başyndaka bu baýrak bilen sylaglanan 3-nji Amerikan prezidenti. Nobel Parahatçylyk Baýragyny 1919-njy ýylda Woodrow Wilson, 1908-de hem Theodore Roosewelt alypdy. Öňki Amerikan Prezidenti Jimmi Cartere hem bu baýrak 2002-nji ýylda berildi.

205 kandidatyň arasyndan saýlanan 48 ýaşly Obama bu sylag resmi taýdan 10-njy dekabrda Osloda gowşurylar. Bu baýrak – bir altyn medal, bir diplom, ol 1,4 million dollardan ybarat.
XS
SM
MD
LG