Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täjik prezidenti Türkmenistana bardy


Täjigistanyň prezidenti Imamali Rahmon (sagda) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda, 9-njy oktýabr, 2009 ý.

Täjigistanyň prezidenti Imamali Rahmon (sagda) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda, 9-njy oktýabr, 2009 ý.

9-njy oktýabrda Täjigistanyň prezidenti Imamali Rahmonyň Türkmenistana iki günlük iş sapary başlandy.

"Altyn asyr" internet saýtynyň maglumatyna göra, iki ýurduň prezidentleriniň nobatdaky duşuşygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji Sessiýasyndaky duşuşykdan soň, özara düzülen şertnamalaryň amala aşmagynda uly rol oýnar.

Prezidentler Türkmenbaşy şäherinde gepleşikler geçirýärler. Gepleşikde ikitaraplaýyn regional hyzmatdaşlyk meselesine hem-de Tajigistan tarapyny gyzyklandyrýan esasy mesele –energetika ulgamyna üns berilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasynda 35 sany halkara we döwletara dokumentlere gol çekilipdir. 2009-njy ýylyň sekiz aýynyň dowamynda bu iki ýurduň arasyndaky daşky söwda dolanyşygy 46 million amerikan dollaryna ýetipdir.

Iş saparynyň maksady

Täjigistanly syýasaty öwreniji Numanjon Alimow täjik prezidentiniň Türkmenistana iş saparynyň Türkmenistanyň prezidentiniň teklibine görä amala aşyrylýandygyny we bu duşuşykda gaz-energetika meseleleri, şeýle-de söwda, ykdysady hem-de medeni gatnaşyklary ösdürmek barada boljakdygyny aýdýar.

Syýasaty öwreniji D.Ýoldaşewiň pikirine göra, Täjigistanyň prezidenti bilen Türkmenistanyň prezidentiniň arasynda öýke-kine, birek-birege düşünmezlik ýagdaýy ýok. «Olaryň duşuşygynyň esasy maksady gyş paslynda Täjigistana elektrik energiýasyny Özbegistanyň üstünden geçirmekden we regiondaky integrasiýany ösdürmekden, adamlaryň özara baryş-geliş ýagdaýlaryny gowulandyrmakdan ybaratdyr. Owganystan meselesi-de olaryň üns merkezinde bolar.»

Suw problemasy

Golaýda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow özüniň Nýu Ýorka saparynyň jemleri barada geçiren metbugat konferensiýasynda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşy barasynda durup geçip, Merkezi Aziýada suw problemasynyň möhüm problema bolup durýandygyny ony regionyň döwlet baştutanlarynyň bileleşip çözmelidigini nygtady we ähli Merkezi Aziýa döwletlerini Täjigistana maliýe kömegini bermek arkaly bu meseläni bileleşip çözmäge çagyrdy.

Syýasaty öwreniji D.Ýoldaşew türkmen prezidentiniň metbugat konferensiýasynda Täjigistany goldap çykyş edendigini, emma Berdimuhamedowyň suw üçin däl-de, suw howdanlarynyň remonty üçin pul tölemeli diýendigini aýratyn belleýär.

Kim günäkär?

Täjigistanly Numanjon Alimow Türkmenistandan Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana berilýan elektrik energiýasynyň esasan gyş paslynda dürli bahanalar bilen Özbegistan tarapyndan togtadylýandygyny, şol sebäpli Täjigistanyň türkmen gazyny we elektrik energiýasyny Eýranyň we Owganystanyň üsti bilen almaga razylyk berendigini aýdýar.

«Şonuň üçin hem Täjigistandan Gyrgyzystan arkaly Orsýete gidilýän uly ýol gurulýar.Ýoluň gapdalyndan parallel demir ýoly-da gurlar. Mundan maksat - Özbegistanyň territoriýasyndan sowa geçýän ýollary gözlemek» diýip Alimow belleýär.

Türkmenistanly ýazyjy Bugaýew Türkmenistanyň mydam Täjigistana dogan gözi bilen seredýändigini, agyr gününde olara mydam kömek berip gelendigini belleýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG