Sepleriň elýeterliligi

Hazaryň diplomatiki taryhy we şu güni


Eýranyň Hazardaky ilkinji nebit platformasy, 24-nji iýul, 2009 ý.

Eýranyň Hazardaky ilkinji nebit platformasy, 24-nji iýul, 2009 ý.

Azatlyk Radiosy Hazaryň diplomatiki taryhy we häzirki dowam edýän dawalar barada türkmenistanly syýasy we ykdysady analitik Begençmyrat Ataýew bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwürler Hazar deňzi, onuň ýakasynda ýerleşýän döwletleriň arasyndaky syýasy-ykdysady gatnaşyklar dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde bolup gelýär. Onuň beýle bolmagynda näme sebäpler bar?

Begençmyrat Ataýew: Bu sowala jogap bermek üçin biz taryhyň birnäçe sahypalaryny ýatlap geçmeli bolarys. Geografiki taýdan Hazar deňzi ýa-da köli uzynlygy boýunça demirgazykdan günorta çenli 1210 km. uzalyp gidýär. Gündogardan günbatara çenli 436 km. we umumy meýdany bolsa 371000 kw.km. Bu deňziň ýakasynda häzir bäş sany döwlet ýerleşýär. Olar Türkmenistan, Eýran, Azerbeýjan, Russiýa we Gazagystandyr. Ýöne deňziň ykbaly ençeme asyrlaň dowamynda Russiýa imperiýasy bilen Eýranyň elinde boldy.

Hazar deňziniň regional kartasy.
Halkara hukugy boýunça ilkinji resmi şertnamalar XVIII asyrda 1723-nji ýylda Sankt-Peterburgda, soňra Russiýa imperiýasynyň harby taýdan güýjemegi bilen 1732-nji ýylda Reştde bu deňiz hakynda Russiýa bilen Eýranyň arasynda baglaşylan şertnama boýunça Russiýanyň elinde bolýar. Deňizde harby flot edinmek we söwda gämileriniň gatnamagy boýunça Russiýa imperiýasy Eýran bilen 1813-nji ýylda Gülüstan we 1828-nji ýylda Türkmençaý şertnamalaryny ýola goýýar. XX asyryň gelmegi bilen bolsa, täze imperiýa döreýär.

SSSR imperiýasy öz gol astynda birnäçe milletleri zorluk bilen saklaýardy, olaryň ykbalyny Moskwadan çözýärdi. 1991-nji ýylda SSSR-iň dargamagy bilen onuň hataryndaky birnäçe milletler garaşsyzlygyny gazanýarlar. Şeýlelik bilen Hazar deňziniň ýakasynda Eýran we Russiýadan başga üç sany garaşsyz täze döwlet döreýär. Ýöne 90-njy ýyllaryň birinji ýarymynda Hazar deňzini ulanmak boýunça bu döwletler sowetler döwründe Eýran bilen SSSR-iň arasynda ilki 1921-nji soňra 1940-njy ýylda baglaşylan şertnama esasynda hereket edýärler. Ol şertnamalarda diňe iki döwletiň, ýagny Eýranyň we SSSR-iň deňzi ulanmak we onda gämileri ýüzdirmek boýunça Hazary deň ulanmaklary hakynda aýdylýardy.

Geçen asyryň aýaklarynda dünýä ykdysadyýetiniň ösmegi, ýagny onuň globollaşmagy energiýa ýangyjyny iň gymmatly haryda öwürýär. Alymlaryň we ekspertleriň berýän maglumatyna görä, Hazar deňzinde 12 milliard tonna ýangyç ýatyr. Bu baýlygy almak üçin ilki hereket eden döwletleň biri hem Azerbeýjan respublikasydyr.

Entek deňiz bäş sany hazarýaka döwletleň arasynda halkara hukugy, esasan hem deňiz hukugy bilen paýlaşylmanka, Azerbeýjan bir taraplaýyn hereket edip 1994-nji ýylyň aýagyndan başlap deňziň jümmüşinde daşary ýurtly inwestorlary, Günbataryň maýa goýujy nebit kompaniýalaryny işledip başlady, hem-de 1995-nji ýylda kabul eden täze konstitusiýasynda Hazar deňzinde milli sektorynyň ýagny böleginiň bardygyny görkezdi. Bu ýagdaý hem elbetde goňşy döwletleriň Hazar deňziniň statusyny çözmeklige girişmeklerine getirdi.

Azatlyk Radiosy: SSSR-iň ýykylanyna şu ýyl 18 ýyl bolýar. Ýöne näme üçin häzirki güne çenli Hazar deňziniň statusy çözülmän geldikä? Bu barada siziň pikiriňiz nähili?

Begençmyrat Ataýew: Meniň pikirimçe, munuň birnäçe sebäpleri bar. Ilki bilen öň bile bir döwletde ýaşan Türkmenistan, Azerbeýjan, Russiýa we Gazagystan birleşip, öňki SSSR döwründe 1940-njy ýylda SSSR bilen Eýranyň arsynda baglaşylan şertnamany ýöretmegi maksat edinýärler. Deňziň 80%-i dört döwlete degişli bolup, deňziň üsti we asty, onuň janly hem-de jansyz baýlyklary boyunça kondiminimum, ýagny deň ulanmagy ýöredilmeli diýlip ykrar edilýär. Ony bu döwletler 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Almata şäherinde kabul edilen deklarasiýalarynda berkidipdirler.

Bu ýagdaý 1997-1998-nji ýyla çenli gelýär, soňra Azerbaýjan 1998-nji ýylyň iýul aýynda Bakuwa gelen Russiýa Federasiýasynyň döwlet delegasiýasy bilen Hazar deňziniň astyny, ýagny onuň düýbüni paýlaşmak barada şertnama baglaşmaga taýýardygyny bildirýär we 2001-nji ýylda bu iki döwletiň arasynda şeýle şertnamalar baglaşylýar.

Soňra Azerbeýjan goňşy Gazagystan bilen hem 2001-nji ýylyň aýagynda şeýle şertnama baglaşýar. Azerbaýjan, Russiýa we Gazagystan üçüsi Hazaryň syýasy statusy çözülmänkä birtarplaýyn hereket edýärler. Bu ýagdaý elbetde Eýran döwletinde närazyçylyk döredýär. Olar Hazaryň bäş döwletiň arasynda deň derejede paýlaşylmagyny, ýagny 20% formulasyny teklip edýärler. Muňa ilki Russiýa we Gazagystan garşy bolýar.

Eger-de deňiz deň derejede paýlanylsa, onda Russiýa deňiz üsti boýunça Eýran bilen gatnaşygyny ýitirjekdi we geosyýasatynyň çäkleri kemeljekdi. Gazagystan bolsa Hazar deňizinde iň uly territoriýasy bolansoň 20% paýa ylalaşmaýardy.

Azatlyk Radiosy: Bu çekeleşikde Türkmenistanyň pozisiýasy nä ýagdaýdady?

Begençmyrat Ataýew: Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň goňşy Hazar döwletleri bilen gatnaşyklaryny dostlukly we birek-birege ynançly ýagdaýda saklaýardy. Ol ilki Almatada 1991-nji ýyldaky deklarasiýa eýerip onuň şertini kabul etdi. Soňra Azerbeýjan döwleti Russiýa we Gazagystan bilen 2001-nji ýylda Hazaryň astyny paýlaşmak boýunça şertnama baglaşansoňlar, Türkmenistan Eýranyň öňe süren pozisiýasynda, ýagny deňzi döwletleriň arasynda deň paýlaşmak pozisiýasynda durdy. Hat-da ol soňra Russiýa Federasiýasynyň Hazar deňziniň diňe düýbüni paýlaşmak teklibini hem goldady.

Pikirimi jemläp aýtsam, Türkmenistan Hazary halkara hukugy esasynda paýlaşmak pozisiýasynda durýar we onuň diňe ylalaşyk jähtinde bolmagynyň tarapynda durup gelýär.

Azatlyk Radiosy: Köp ýyllaryň dowamynda Azerbeýjan bilen Türkmenistanyň arasynda dartgynlyk bolup geldi. Türkmenistan hat-da 2001-nji ýylda öz ilçisini hem Bakuwdan yzyna çagyrypdy. Ýagdaýyň beýle dartgynlaşmagyna näme sebäp boldy?

Begençmyrat Ataýew: Ýaňy hem belläp geçişim ýaly, bäş sany döwletiň arasynda Hazar deňziniň syýasy statusy çözülmänkä Azerbaýjan respublikasy birtaraplaýyn hereket edip deňziň belli bir böleklerini, esasan hem nebit gazly ýerlerini özlerine degişli diýip jar etdi. Olaryň hereketi syýasy termin bilen aýtsak anneksiýa bolýar, ýagny beýleki tarap bilen ylalaşmazdan belli bir territoriýany eýelemek.

Azerbajanyň pozisiýasyny Russiýa Federasiýasy hem sessiz goldaýardy. Diňe 2008-nji ýylda Türkmenistanyň täze prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu dartgynlygy aradan aýyrmak üçin Azerbaýjan döwletiniň prezidenti Ylham Alyýew bilen Aşgabatda hem Bakuwda yzy-giderli gepleşikler geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Soňky yyllaryň dowamynda Hazardaky energiýa ýataklary boýunça dürli halkara proýektler öňe sürüldi. Mysal üçin, bir-iki ýyllykda ýola goýlan Baku-Tibilisi-Jeýhan proyekti, Şahdeňiz proyekti, gazak nebitini Baku-Jeýhan turbasyna birikdirmek boýunça Aktau proyekti we türkmen gazynyň Ýewropa akdyrylmagyny hem öz içine alýan Nabukko proýekti.

Şularyň arasynda Nabukko proýektine türkmen gazynyň akdyrylmagy belli bir derejede Hazaryň statusynyň kesgitlenmegine bagly bolup durýar. Ýagny, gürrüň diňe Hazardaky baýlyklar barada däl-de, tranzit meselesi hem ýatyr. Indi türkmen gazyny Hazaryň üsti bilen Ýewropa akdyrmagy göz öňüne tutýan Nabukko proýektiniň geljegi barada nämeler aýdyp bolar?

Begençmyrat Ataýew:
Nabukko proýekti 1997-nji ýylda ýüze çykdy. Ýewropada ykdysadyýetiň ösmegi şol regiondaky ýurtlary energiýa resurslaryna mätäç etdi. Bu ýagdaý Hazar sebtiniň energiýa baýlyklaryny geljekde Ýewropa akdyrmak proýektini döretdi. Eýran döwleti boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan çykarylan rezolýusiýalar netijesinde onuň Ýewropa döwletleri bilen erkin söwda etmegi, esasan hem energiýa söwdasy boýunça gadagan edilipdi. Yrak döwleti nebite we gaza baý hem bolsa ýurduň içindäki durnuksyzlyk bu ýurdy Nabukko proýektinden saklaýardy. Şonuň üçin Ýewropa Bileleşine Hazar sebiti gaty bähbitlidi. Sebäbi bu sebit asudady. Maýa goýumlary hem diňe asuda ýerlere goýulýandygy sebäpli bu sebit üns merkezinde boldy.

Nabukko turbalarynyň ýoly.
Nabukko proýektinde ilki bilen esasan hem Türkmenistanyň gazynyň akdyrylmagyna üns berilýärdi. Soňra oňa Azerbeýjanyň hem Gazagystanyň goşulmagy karar edildi. Ýöne bu proýektiň bolmazlygy iki sany döwlete bähbitlidi. Olar Russiýa Federasiýasy we Eýrandy. Şol sebäpli iki döwletiň syýasy islegi bilen Hazar deňziniň statusy çözülmän geldi. Emma Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we onuň günbatarly kärdeşleri aktiw hereket edip Nabukko proýektiniň janlanmagyna getirdi. Bu hem türkmen prezidentiniň gaz bazaryny diwersifikasiýa etmek baradaky pikirleriniň amala aşyrylmagyna getirdi. Türkmenistan bu proýekte goşuljakdygy baradaky pikirini 2009-njy ýylyň iýul aýynda jar etdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan we Azerbeýjan Nabukko proýektine goşulmagy planlaşdyrýan hem bolsa, ýakynda Türkmenistan tarapy Hazardaky nebitli territoriýalary boýunça meseläni iki döwletiň arasynda adalatly çözlmek üçin Halkara arbitraž suduna berjekdigini duýdurdy. Onuň potensial netijesine nähili seredýärsiňiz? Halkara praktikasynda bular ýaly mysallar bolupdyrmy hem-de geljekde bu gapma-garşylyk Nabukko proýektine päsgel bolup bilmezmi?

Begençmyrat Ataýew: Ilki bilen men siziň ünsüňizi Azerbeýjan resmileriniň çykyşlaryna çekesim gelýär. Olar häzirki Hazar deňzindäki nebit alynýan bölekleriň Türkmenistana ýakyn durýandygyny belläp geçýärler. Şeýlelikde, ýagdaýa hereket edýän deňiz hukugy boýunça seretsek, onda ol ýerler Türkmenistanyň ykdysady zonasyna girýär. Ýöne Azerbeýjan tarapy 1970-nji ýylda SSSR-iň Nebit-gaz ministrliginiň Hazar deňziniň administratiw sektorlara bölmek baradaky kararyna salgylanyp, şol nebitli ýerleriň öz paýlaryna düşendigini nygtaýar. SSSR-iň dargamagy bilen onuň kabul eden kanunlarynyň güýjiniň ýatýanlygyny bilse-de, Azerbeýjan tarapy öz bikanun hereketlerini dowam etdirýär.

Meniň pikirimçe, Azerbeýjan bilen Türkmenistanyň arsyndaky Hazar deňzindäki jedelli ýerler iki tarapyň hem bähbidine çözüler. Sebäbi Nabukko proýektine häzirki dünýä ykdgysady we maliýe krizis döwründe köp mukdarda pul serişdeleriniň goýberilmegi we onuň esasy syýasy we ykdysady hemaýatkäriniň Ýewropa Bileleşigi bolmagy hem-de ony ABŞ-nyň goldamagy Azerbeýjan we Türkmenistanyň arasyndaky meseläniň oňyn çözüljekdigini görkezýär.

Bu ýerde men ýakynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçen Birleşen Milletlet Guramasynyň 64-nji Baş assambleýasynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-yň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen ikiçäk geçiren gepleşiklerini hem mysal getirip bilerin. Bu gepleşikler, elbetde, Türkmenistanyň ABŞ bilen gatnaşyklarynyň geljekde gaty ýakynlaşjakdygyny görkezýär. Ol hem Türkmenistanyň Hazar meselesinde aýgytly hereket etmegine getirer.

Azatlyk Radiosy: 1828-nji ýylda gol çekilen Türkmençaý ylalaşygyna görä, SSSR bilen bilen Eyranyň serhetleri Hazar deňzinde tamamlanýar. Deňiz boýunça serhetleşýän döwletleriň arasynda serhet çägini kesgitlemek boýunça hazirki wagtda halkara hukugynda haýsy prinsipler hereket edýär?

Begençmyrat Ataýew: Deňzi iki döwletiň arasynda bölmek barada hereket edýän halkara deňiz hukugynda ölçegiň iki görnüşi bar: Birinjisi, orta ölçeg (deňizdäki adadan tä onuň ortasyna çenli). Ikinjisi bolsa, giňligi boýunça ölçeg (kenaryň giňliginden gidýän ölçeg).

Azerbeýjan tarapy Hazary ortadaky ölçeg boýunça hasap edip, nebitli bölekleri özleriniki diýip hasaplaýar. Eger-de biz halkara hukugynyň taryhyna syn etsek, onda şular ýaly jedeli deňiz bölekleriniň Halkara sudy tarapyndan çözülendigini görüp bileris. Olardan 1969-njy ýylda Tunis bilen Liwiýanyň arasynda, 1984-nji ýylda Kanada bilen ABŞ we 1985-nji ýylda Liwiýa bilen Maltanyň arasyndaky deňiz serhet dawasyny mysal getirip bolar. Bu mysallaryň hemmesinde Halkara sudy orta dälde, giňligi boýunça ölçegiň tarapynda bolan.

Türkmenistan bu meselede Azerbeýjan döwletine ol ýerlere deň çemeleşmek teklibini hem berdi. Azerbeýjan tarapy halkara hukugyna sygmaýan düşündirişlerine salgylanýar, ýagny kim öň gelip ýeri alsa, ol hem şonuňky bolýar. Beýle çemeleşmek Azerbeýjan döwletiniň abraýyna atanak çekýär.

Azatlyk Radiosy: Ýakynda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň mejlisinde, Türkmenbaşy şäherinde harby deňiz flotunyň institutyny açmak barada ýörite görkezme berdi. Onuň bu görkezmesi esasan hem Azerbeýjanyň habar beriş serişdelerinde uly seslenme döretdi. Türkmenistanyň bitarap statusy bolsa-da, öz harby güýjini köpeltmäge girişdi diýip aýdýarlar. Bu barada siziň pikiriňiz nähili?

Begençmyrat Ataýew: Türkmenistanyň prezidentiniň bu mesele boýunça Türkmenbaşy şäherinde harby deňiz flotunyň institutyny döretmek karary gaty goldanmaly işleriň biri. Türkmenistan garaşsyz döwlet, onsoň hem näçe harby güýç saklamalydygyny onuň diňe özi çözüp biler.

Türkmenistanyň bitaraplyk statusy barada aýdamda, ilki bilen size taryhdan mysal getiresim gelýär. Belgiýa döwleti öz taryhynda bitaraplyk statusyny iki sapar alýar, ýagny ýurduň içerki we daşarky syýasy ýagdaýyna seredip, öz halkynyň bähbitlerini nazara alyp, gerek bolan ýerinde resmi taýdan bitaraplyk statusyndan hem geçipdir. Beýle diýmek bilen Türkmenistan hem bitaraplyk statusyndan geçer diýjek däl. Ýöne, halkara hukugynda dürli ýollar bar. Ony hem Türkmenistan döwletiniň diňe özi saýlap biler. Oňa onuň doly hukugy bardyr.

Begençmyrat Ataýew türkmenistanly syýasy we ykdysady analitigiň edebi lakamy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG