Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň saýlawçylary ses berýärler


Şu gün Orsýetiň saýlawçylary ýurduň şäherleriniň, regionlarynyň we raýonlarynyň ýerli Geňeşlerine deputatlary saýlamak üçin ses berýärler. Bu ýerli Geňeşlere saýlawlar Orsýetin 83 regionyndan 76-synda geçirilýär.

Käbir synçylar bu gezekki saýlawlaryň demokratik gymmatlyklary ösdürmek meselesinde Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedýewiň öňünde uly bir synagdygyny aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, Wladimir Putiniň ýurdy dolandyran ýyllarynda Orsýetde demokratik prinsipler uly çäklendirmeleriň astynda bolupdy.

XS
SM
MD
LG