Sepleriň elýeterliligi

Tapawutlanan adamlara hormatly atlary dakmak barada perman çykaryldy


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhammedow ýurduň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda öz zähmetleri we sungatlary bilen tapawutlanan adamlara hormatly atlary dakmak barada perman çykardy.

Hususan-da, bu baradaky permanda hemişelik bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna gabatlanylyp, «täze Galkynyş eýýäminde medeniýetiň, sungatyň, ylmyň we bilimiň ösüşine goşan saldamly goşantlary, şeýle hem döwletiň we halkyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin» belli-belli adamlara Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaklygyň karar edilendigi aýdylýar.

Döwlet lideriniň permany bilen, 23 adama «Türkmenistanyň halk artisti» diýen at, 7 adama «Türkmenistanyň milli hudožnigi» diýen at, 10 adama «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen at, 22 adama «Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri» diýen at, 39 adama bolsa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly atlar dakyldy.


XS
SM
MD
LG