Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky saýlawlarda giň gerimde galplyklara ýol berlendigi aýdylýar


Şu gün Birleşen Milletler guramasynyň Owganystandaky missiýasynyň başlygy Kai Eýde awgust aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda giň gerimde galplyklara ýol berlendigini tassyklap, çykyş etdi. Ýöne bu galplyklaryň nähili görnüşde ýüze çykandygy barada welin, ol anyk gürrüň etmedi.

Ýakynda jenap Eýdäniň wezipesinden boşadylan orunbasary Piter Galbraýs ony Owganystandaky saýlawlarda amala aşyrylan galplyklary bassur-ýussur etmek synanyşyklarynda aýyplapdy.

BMG-niň Owganystandaky missiýasynyň başlygy Kai Eýdäniň saýlawlardaky galplyklary boýun alyp eden bu günki çykyşy onuň şol aýyplamalara bildiren reaksiýasy hökmünde kabul edildi.

XS
SM
MD
LG