Sepleriň elýeterliligi

Azerbeýjanyň hökümeti Türkiýe- Ermenistan ylalaşygyny tankytlady


Şu gün Azerbeýjanyň hökümeti Türkiýäniň Ermenistan bilen öz gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak baradaky gol çeken ylalaşyklaryny tankytlap çykyş etdi.

Azerbeýjanyň Daşary işler ministrligi bu barada özüniň şu günki ýaýradan beýanatynda Azerbeýjanyň basylyp alnan territoriýalaryndan Ermenistanyň güýçleriniň çykarylmazyndan öň Türkiýäniň Ermenistan bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagynyň gönüden-göni Azerbeýjanyň bähbitlerine garşy gitmeklik boljakdygyny belläpdir.

Şeýle-de, bu beýanatda bu soňky ylalaşygyň Azerbeýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara kölge abandyrýandygy hem nygtalypdyr.

XS
SM
MD
LG