Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde ýerli häkimlikler boýunça saýlawlar geçirildi


Orsýetde ýerli saýlawlar geçirildi. Millionlarça adamyň gatnaşanlygy aýdylýan bu ses berişlikde galplyklara ýol berilenligi hemem munuň adalatly geçirilmänligi aýdylýar.

Orsýetiň 83 regionyndan 76-synyň etrap hem region wekillerini şeýle-de häkimlerini saýlamak barada geçirilen şol ses berişlige 90 müň töweregi kandidatyň gatnaşanlygy aýdylýar.

Emma bu ses berişlige gözegçilik eden synçylar hemem oppozision partiýalaryň aktiwistleriniň aýtmaklaryna görä, Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedewiň ýurtda demokratiýany ösdürjekdigini aýtmagyna garamazdan bu saýlawlarda uly bikanunçylyklara ýol berilipdir.

Orsýetiň premýer-ministriniň öňki orunbasary Boris Nemtsow rus ýolbaşçylarynyň Kremli tankyt edýän adamlara saýlawlara gatnaşmaga rugsat etmänligini aýtdy.

Mälim bolşuna görä, Nemtsow bilen bir hatarda onuň oppozision Raýdaşlyk Hereketiniň beýleki kandidatlaryna Orsýetiň saýlaw komissiýasy bu çärä gatnaşmaga rugsat etmedi.

Ady agzalýan komissiýa Nemtsow bilen bir hatarda käbir beýleki kandidatlaryň goldawçylary tarapyndan ýygnanlygy aýdylýan goluň galpdygyny öň sürüpdi.

Orsýetiň kanunyna görä, haysydyr bir kandidatyň adynyň sanawa alynmagy üçin ony goldaýan 5 müň töweregi adamyň goly komissiýa tabşyrylmaly.
XS
SM
MD
LG