Sepleriň elýeterliligi

Yrakda bolan partlamalarda 19 adam heläk boldy


Yragyň Anbar welaýatynyň paýtagty Ramadide düýnki bolan üç aýry-aýry partlamalarda azyndan 19 adamyň ölenligi aýdylýar. Anbar welaýaty sünni araplaryň köpçülikde ýerleşýän regionydyr.

Howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, awto-ulaga ýerleşdirilip amala aşyrlan şol partlamalardan ikisi polisiýa güýçleriniň baş ştabynyň golýynda we üçünjisi bolsa Ramadiniň keselhanasynyň ýakynynda bolupdyr.

Ýerli ýolbaşçylar bu partlamalaryň welaýatyň howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşýanlygyny aňlatmaýanlygyny we howpsuzlyk çäreleri bilen bagly kemçilikleriň örän çalt düzediljekdigini mälim edýärler.

XS
SM
MD
LG