Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabada Eýranyň delegasiýasy barar


Prezident Mahmud Ahmedinejad (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, 15-nji iýun, 2007 ý.
Prezident Mahmud Ahmedinejad (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, 15-nji iýun, 2007 ý.

Eýran delegasiýasynyň şu hepde Aşgabada baryp, iki ýurduň arasynda çekilmegi planlaşdyrylan täze dermirýoluň çekilmegi hakynda maslahat ederler diýip, pars habar agentligi, Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Muhammet Reza Forganyýe salgylanyp, 11-nji oktýabrda maglumat çap etdi.

Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem BMG-däki çykyşynda hem-de geçiren soňky metbugat konferensiýasynda sebitde ýerleşýän döwletleriň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklaryna hem-de howpsuzlyk meselelerine degip geçipdi.

«Uzen-Bereket-Etrek-Gürgen»

1-nji oktýabrda geçiren ilkinji metbugat konferensiýasynda Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda çekiljek demirýola dünýä möçberinde gyzyklanma bildirilýändigini nygtapdy.

Bu proýekt Türkmenistana näderejeli peýdaly bolup biler?

Uzynlygy 900 km bolan «Uzen-Bereket-Etrek-Gürgen» demirýolunyň 700 km Türkmenistandan, 210 km Gazagaystandan we 90 km-de Eýrandan geçer. Türkmenistan bu işiň başlanmagyna taýýarlyk görlendigini geçen ýylyň aýagynda habar beripdi. Bu geçirijä «Demirgazyk-Günorta koridory» diýlip, at berildi.

Prezident Berdimuhamedow täze demirýoluň Ýewropanyň we Aziýanyň transport şahalarynyň birikmegi bilen gyzyklanýan ähli döwletler üçin pars aýlagyna çykýan gysga ýol bolajagyny nygtapdyr. Bu ýoldan ýylda 10 million tonna ýük daşap boljakdygy çak edilýär.

Proýektiň umumu bahasynyň 650 million dolar boljagy göz öňünde tutuldy. Soňky ylalaşyga Aşgabatda gol çekilen ýagdaýynda demirýoluň gurluşygynyň tizara başlanyp bilinjekdigi we Eýranyň prezidentiniň Aşgabada sapary mahalynda onuň açylyş dabarasyna gatnaşyp biljekdigi hakda Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Forgany mälim etdi. Ol bu saparyň takyk haçan boljagyny aýtmady, ýone onuň dekabr aýynda bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Türkmenistanyň daşary syýasaty

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan daşary syýasatynda, ýlaýta-da daşary söwda gatnaşygynda goňşulary bilen gatnaşyklary ösdürmäge köp üns berýär. Şol wagtky Eýranyň we Türkmenistanyň prezidentleri Rafsanjanynyň we Nyýazowyň gatnaşmagynda Tejen-Maşat demirýolunyň açylyş dabarasy bolupdy. Häzir bolsa Demirgazyk-Günorta demirýolunyň gurulmagy ugrunda hereket edilýär.

Düýbi Ankaradaky Strategik Barlag Merkeziniň eksperti, özi birnäçe ýyllap Türkmenistanda işlän Dr. Mehmet Seýfetdin Türkmenistanyň bular ýaly proýektlere gyzyklanmasynyň sebäbini bu ýurduň daşary syýasatda dürli ugurlar boýunça hereket edýänligi bilen düşündirýär.

«90-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda Eýran öz Orta Aziýa boýunça syýasatynda demirýol we gury ýol gatnaşyklaryny ösdürimäge has üns berdi. Türkmenistan öz daşary sýyasatynda Orsýet boýunça sebitiň beýleki döwletleri bilen bilelikde deňagramly syýasaty alyp barmaga synanyşýar» diýip, türkiýeli ekspert M. Seýfetdin aýdýar.

Täze demirýol geçelgesiniň ähmiýetini diňe Eýran bilen çäklendirmek dogry bolmaz, Türkmenistanyň daşary sýyasatynyň aktiwleşýändigine-de üns bermeli diýip, Seýfetdin sözüne goşdy.

Türkmenistan we Eýran energiýa hyzmatdaşlygynyň ýany bilen özara hem-de sebitara proýektlere-de goşulyp, ykdysadyýetlerini ösdürmäge synanyşýar. Täze demirýoluň 700 km-niň Türkmenistandan geçmeginiň tranzit-girdeji taýdan-da bu döwlete bähbitli boljagy aýdylýar.

Orta Aziýa we Kawkaz boýunça eýranly bilermen Dr. Humen Peýmany täze guruljak demirýoluň ähmiýetine degip geçdi. Onuň pikiriçe, bu demirýol Türkmenistanyň we Gazagystanyň ykdysadyýetleriniň ösmegine-de, olaryň Orsýetiň täsirinden gutulmaklary üçin bu döwletleriň harytlarynyň exportyna we importyna-da kömek edip biler diýdi.

Ýüze çykýan kynçylyklar

Türkmenistan Awazada milli syýahat merkezini döretmegi we ýurda köp sanly turistleriň gelmegini gazanmagy-da maksat edinýär. Yöne bilermenleriň pikiriçe höküm sürýän býurokratik kynçylyklar, şol sanda Türkmenistana barmak üçin giriş wiza bilen bagly problema çözülmese, bu ugurda üstünlik gazanyp bolmaz.

Türkmenistan-Eýran transport gatnawynda käte dürli problemalar-da ýüze çykman duranok. Mysal üçin, geçen ýyl eýranly ýük maşynlaryny sürüjileriň Türkmenistanyň gümrükçileri tarapyndan urlup-ýenjilendigi hakynda Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistana öz nägileligini bildiripdi. Türkmenistanyň Tährandaky ilçisi bolsa, bu ýurduň daşary işler ministrligine çagyrylypdy.
XS
SM
MD
LG