Sepleriň elýeterliligi

Owgan saýlawlarynda galplyk boldumy?


Saýlaw boýunça işgärler berilen sesleri sanaýarlar, Kabul, 20-nji awgust, 2009 ý.

Saýlaw boýunça işgärler berilen sesleri sanaýarlar, Kabul, 20-nji awgust, 2009 ý.

Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky wekiller toparynyň başlygy golaýda bu ýurtda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda aldawçylyga giňişleýin ýüz urlandygyny ilkinji gezek düýn ýekşenbe güni boýun aldy. Ýöne Kai Eide häzirki prezident Hamid Karzaýyň bähbidine aldawa ýüz urlandygy baradaky subutnamalara üns berilmedi diýilmegini ret etdi.

Wezipeden boşadylan Galbraith beripdi

Bu beýanatlary Eidiň öňki orunbasary Peter Galbraith beripdi. Ol şondan soň hem bu wezipeden boşadyldy. Eide öz toparynyň saýlaw barada geçirmeli barlaglarynyň aňsat bolmandyny boýun aldy: “Bu bir kyn prosesdi. Köp problemalar bardy. Ilkinji nobatda hem giňden ýaýran aldaw. Garaz, aňsat iş däldi. Ýöne meniň ýeke-täk üns berenim şol boldy. Möhüm zat ýurdy bu prosesden çykaryp, Owganystanda demokratiýany ornatmak prosesini dowam etdirmek. Meniň edenim – halkara arkalaşygnyň doly goldawy bilen öz mandatymy ýerine ýetirmek boldy”.

“Öňki orunbasarymyň aýdanlary meniň hut özüm ýa meniň dogruçyllygyma garşy gönükdirilen hüjümler däl. Ol hüjümler tutuş saýlaw prosesine täsir etdi” diýip, norwegiýaly Eide amerikan Galbraith tarapyndan özüne gönükdirilen tankytlardan goranmaga synanyşdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky wekiller toparynyň başlygynyň aýtmagyna görä, saýlawda bolan aldawçylygyň möçberi şu wagt kesgitlenip ýör. Bu aldawçylygyň 20-nji awgustdaky prezident saýlawlaryna näderejede zyýan ýetirenligi entek belli däl. Berlen ilkinji netijeler boýunça häzir häkimiýet başyndaky prezident Karzaýyň alan sesleri 55 prosent, onuň baş bäsdeşi Abullah Abdullah hem 28 prosent ses alandyr diýlip çaklanylýar.

Aldawa ýüz urdy diýilýänler-de köplençe Karazaýyň tarapdarlary

Prezident Hamid Karzaý ýekşenbe güni beren metbugat konferensiýasynda özüniň saýlawyň netijeleri basym habar berler diýip, umyt edýändigini aýtdy. Ol şol bir wagtyň özünde-de çet ýurtlylar, aýratyn-da Günbataryň saýlaw prosesine gatyşyp, ýurduň öňe gitmegini bökdeýänlikde gytaklaýyn aýyplady: “Owganystan gün saýyn howpsuzlyk problemalary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Milli girdeji kemelýär, howpsuzlyk problemalary köpelýär. Bu ýagdaý gündelik söwda-da zyýan ýetirýär. Men saýlawyň netijeleri öňümizdäki günlerde yglan edilip, owgan halky öz geljegini biler, çet ýurtlular we Günbatardaky käbir elementleriň propagandasy bilen dörän näbellilik soňlanar diýip, umyt edýärin. Owgan halky öz geljegini özi kesgitlemäge hukuklymy ýa saýlaw we ses berişlige garamazdan, onuň ykbaly daşardan kesgitlenýärmi, owganlar muny bilmeli”.

20-nji awgustda geçen saýlawlaryň netijesiniň haçan gutarnykly aýan ediljegi entek belli däl.
XS
SM
MD
LG