Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň prezidenti Türkiýä sapar eder


Şu gün Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan şu hepdäniň çarşenbe güni Türkiýe bilen Ermenistanyň futbol komandalarynyň ýaryşyna tomaşa etmek üçin Türkiýä sapar etjekdigini tassyklady.

Bu wakanyň öňýany, geçen hepdäniň şenbe güni Türkiýe bilen Ermenistan ikitaraplaýyň diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak barada özara ylalaşyga gol çekipdiler.

Geçen ýyl Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda geçirilen iki ýurduň futbol komandalarynyň ýaryşyna Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül hem tomaşa etmäge barypdy.
XS
SM
MD
LG