Sepleriň elýeterliligi

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy amerikaly alymlara berildi


Şu gün ykdysadyýet boýunça ýylyň Nobel baýragy amerikaly ykdysatçy alymlar Elinor Ostrom bilen Oliver E. Williamsona berildi.

Nobel baýragy boýunça Komitet bu ýokary baýragyň bu iki alyma olaryň ykdysady dolandyryş boýunça eden ylmy işleri uçin berlendigini aýdýar.

Elinor Ostrom soňky 40 ýylyň dowamynda ykdysadyýet ugrundan Nobel baýragyny alan ilkinji aýal maşgaladyr.

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy bu ýylky gowşurylan alty sany Nobel baýragynyň iň soňkusydyr.
XS
SM
MD
LG