Sepleriň elýeterliligi

Hytaý Ksiňjan wakalary bilen bagly 6 adama ölüm jezasyny berdi


Şu gün Hytaýyň sudy iýul aýynda ýurduň Ksiňjan prowinsiýasynda ganly bulagaýçylyklar bilen baglanyşykly tussag edilen adamlardan altysyny ölüm jezasyna höküm etdi.

Hytaýyň resmi «Ksinhua» habar agentliginiň maglumatyna görä, şu gün bu prowinsiýanyň Urumçi şäheriniň şäher sudy aýyplanýan adamlary adam öldürmek, jemgyetçilik düzgün-tertibini bozmak ýaly jenaýatçylyklarda günäli tapypdyr.

Maglumata görä, ýene bir adam ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdir.
«Ksinhua» habar agentligi sud tarapyndan höküm çykarylan bu adamlaryň atlarynyň uýgur atlarydygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG