Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada türkmen dili boýunça dil kursy işläp başlady


Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy bu ilçihananyň ýanyndaky Medeni merkezde ýekşenbe gunleri türkmen dili boýunça ýörite dil kursunyň işläp başlandygyny habar berýär.

Turkmen ilçihanasynyň resmi saýtyndaky maglumata gorä, bu dil mekdebindäki sapaklary Moskwadaky halkara gatnaşyklary boýunça dowlet institutynyň mugallymy Maýa Gylyjowa alyp barar.

Turkmen dili boýunça sapaklara çagalar bilen bir hatarda, uly ýaşly adamlar hem çagyrylýar.
XS
SM
MD
LG