Sepleriň elýeterliligi

Ýene iki ýyldan Orsyetde koloniýalar ýok ediler


Ýene iki ýyldan Orsyetde koloniýalar ýok ediler. Tussaglar berkligi boýunça dürli derejedäki türmelelerde saklanar-diýip, jezanyň ýerine ýetirilişi boýunça Federeal gullugyň ýolbaşçysy Aleksandr Reýmer aýdypdyr.

Jemgyýetçilik palatasynyň maslahatynda çykyş edip, ol Adalat ministrligi tarapyndan taýýarlanan dokumentiň birinji gezek türmä düşenler bilen agyr jenaýat edenleri aýry saklamagy göz öňünde tutýandygyny aýdypdyr.

Kanun proýekti şu ýyllyň ahyryna çenli Döwlet Dumasyna hödürlener.

Koloniýalardan ýüz öwrülmegini adam hukuklaryny goraýjylar goldaýarlar.

Olaryň pikiriçe, häzirki barak sistemasynda kanun goraýjy organlar ýagdaýa kontrollyk edip bilmeýär, netijede, türme kanunlary hereket edýär.
XS
SM
MD
LG