Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hillary Klinton Moskwa bardy


Birleşen Ştatlaryň Döwlet Sekretary Hillari Klinton resmi sapar bilen Moskwa bardy. Ol şu gün rus prezidenti Dimitriý Medwedew we Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşar.

Habarlardan mälim bolşuna görä, Klinton düýn giçlik Moskwa barypdyr. Ol Eýranyň öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlary eýerýändigini subut edip bilmän ýagdaýnda, Moskwanyň Tährana basyş etmelidigi barada rus kärdeşleri bilen pikir alyşar.

Klinton bilen rus hökümet wekilleriniň arasynda boljak duşuşyklarda, aýratynam Demirgazyk Koreýa, Owganystan we raketadan goranyş sistemasy ýaly meseleler hakda gürrüň ediler.

Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Klinton bilen boljak duşuşygyndan öň sözlän sözünde, onuň bilen Birleşen Ştatlaryň täze raketa sistemasy barada pikir alyşjakdygyny mälim edipdi.

Klinton bu saparynyň dowamynda musulmanlaryň köpçülikde ýerleşýän Orsýetiň Tatarystan respublikasynyň paýtagty Gazan şäherine hem barar.
XS
SM
MD
LG