Sepleriň elýeterliligi

Ermenistanyň prezidenti Türkiýä barar


Ermenistanyň prezidenti Serj Sarkisiýan 14-nji oktýabrda Türkiýä barjakdygyny tassyklady. Ol bu iki ýurduň futbol boýunça milli komandalarynyň arasynda oýnaljak ýaryşa tomaşa eder.

Sarkisiýanyň Türkiýä sapar etjekdigi baradaky habar, bu iki ýurduň arasynda diplomatik aragatnaşygy ýola goýmak boýunça gelnen ylalaşygyň yz ýanyna gabat geldi.

Sarkisýan Bütindünýä Futbul Çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin bu iki ýurduň milli komandalarynyň arasynda oýnaljak ýaryşa bilelikde tomaşa etmek barada, öz türkiýeli kärdeşi Abdylla Gül tarapyndan iberilen çakylygy kabul edýänligini aýtdy.

Mälim bolşuna görä, Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül hem bu baradaky ýaryşyň Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda geçirilen birinji tapgyryna tomaşa etmek üçin şol ýurda barypdy.

Ikinji jahan urşunda Osmanly türkleriň ermenileri öldürenligi bilen bagly mesele boýunça bu iki ýurduň arasynda ençeme ýyl dowam eden dartgynlykdan soňra, Ankara bilen Ýerewan şenbe güni diplomatik aragatnaşygy ýola goýmak hem-de serhet gapylaryny açmak baradaky ylalaşyga gol goýdy.
XS
SM
MD
LG