Sepleriň elýeterliligi

Hukuk goraýjy gurama Gresiýanyň hökümetinden şikaýatçy


Hukuk goraýjy gurama “Human Rights Watch” Ýewropa Bileleşiginden Gresiýanyň täze saýlanan sosialist hökümetine bikanun bosgunlaryň hak-hukuguny kemsitmezligi barada basyş etmegini talap etdi.

Ady agzalýan gurama, Gresiýany bikanun ýollar arkaly şol ýurda baran bosgunlary şol sanda çagadyr, zenanlary agyr şertlerde saklaýanlykda, olara bosgunluk prosesleri boýunça mümkinçilik bermeýänlikde, şeýle-de bosgunlary bikanun usullar arkaly ýurtdan çykarýanlykda aýyplaýar.

Bu ýyllyň resmi maglumatlary henize çenli aýan edilmedi, emma Gresiýaly resmileriň aýtmagyna görä, olar 2008-nji ýylda 146 müň töweregi bikanun bosguny ela salypdyrlar.

Bikanun ýollar bilen Gresiýa barýanlaryň aglabasy owganlylar bolup, olar özlerini Eýran hem Türkiýäniň üsti bilen Gresiýa alyp gitmegi üçin, adam gaçakçylaryna ummasyz pul töleýärler.
XS
SM
MD
LG