Sepleriň elýeterliligi

“Türkmeniň altyn asyry” atly konkursyň netijeleri belli boldy


“Türkmeniň altyn asyry” atly konkursyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň prezidenti karara 10-njy oktýabrda gol çekipdir.

Sylaglananlaryň arasynda edebiýat, medeniet, sungat işgärleri, çeper höwesjeňler, talantly çagalar bar”-diýip, TDH gullugy ýazýar.

174 adamyň her biri Türkmenistanyň prezidentiniň ynsanperwerlik fondundan bir altyn zynjyr hem müň dollar bilen sylaglanypdyr.

Mundanam başga tapawutlanan döredijilik kollektiwleri 1 müňden 5 müň aralygynda dollar sylag alypdyr.
XS
SM
MD
LG